Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak polisiýasy ruslaryň Buçada eden gyrgynçylygyna nägilelik bildiren dört aktiwisti tussag etdi


"Gazagystan, Oýan" hereketiniň dört agzasy 9-njy aprelde Almatydaky rus konsulhanasynyň golaýynda protes geçirýär.

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň polisiýasy Ukrainanyň Buça şäherinde rus goşunlary tarapyndan parahat ilatyň köpçülikleýin öldürilmegine garşy rus konsulhanasynyň öňünde demonstrasiýa geçiren dört oppozisiýa aktiwistini tussag etdi.

9-njy aprelde "Gazagystan, Oýan" hereketiniň dört agzasy - Asem Žapişewa, Tamilýa Ançutkina, Darkhan Şaripow we Akbota Şaripjanowa - ukrain baýdaklaryny saklap, ellerini daňyp, Russiýanyň konsullygynyň öňünde ýatdy. Bu sahna, Russiýanyň goşunlary yza çekilenden soň, ýüzlerçe parahat ýaşaýjynyň öli tapylan Buça şäherindäki ýagdaýy ýatlatdy.

Dört adam polisiýa tarapyndan saklanyp, golaýdaky polisiýa merkezine äkidildi we sorag edilenden birnäçe sagat soň boşadyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG