Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ýapon premýeri bilen Ukrainadaky ýagdaýy, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy


Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida
Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji aprelde Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida bilen telefonda gürleşdi.

Türkmen DIM-i ýapon premýeriniň Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlandygyny habar berýär.

S.Berdimuhamedow bolsa, öz gezeginde ýapon liderine şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Kumamoto şäherinde geçiriljek dördünji Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy üçin minnetdarlyk bildiripdir.

Taraplar öz ýurtlarynyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtadylar. “Olar özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik döredýär” diýip, DIM belleýär.

Türkmen DIM-niň habaryndan tapawutlylykda, bu telefon söhbetdeşligi barada ýapon we iňlis dilinde çykan habarda türkmen prezidenti bilen ýapon premýeriniň Ukrainadaky uruş, energiýa krizisi hakynda maslahat edendigi aýdylýar.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida üçünji gün Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ukrainadaky ýagdaý we onuň netijesinde dörän global energiýa krizisini maslahatlaşdy diýip, yenisafak.com neşiri ýazýar.

Ýapon premýeriniň edarasyna salgylanyp berlen maglumatda aýdylmagyna görä, telefon gürrüňinde liderler "Ukrainadaky ýagdaý babatynda biziň görmeli çärelerimizde edilmeli hyzmatdaşlyk hem-de halkara energiýa bazaryndaky durnuklylygyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar".

Russiýanyň Ukrainadaky urşy sebäpli prezident Wladimir Putine we 500-e golaý rus resmisine, maliýe guramalaryna garşy sanksiýa girizmek bilen, Ýaponiýa Moskwa bolan energiýa garaşlylygyndan dynmak meselesinde kyn synag bilen ýüzbe-ýüz boldy diýip, habarda bellenýär.

Kişida mundan öň, geçen aý, ýapon hökümetiniň energiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça, esasy nebit öndüriji ýurtlar bolan Saud Arabystanynyň, BAE-niň we Kataryň ýolbaşçylary bilen hem maslahat etdi.

Habarda telefon gürrüňiniň haýsy tarapyň başlangyjy esasynda geçirilendigi, Ýaponiýanyň türkmen gazyny import etmek bilen gyzyklanandygy ýa däldigi aýdylmaýar.

Türkmen DIM-i habarda Ukrainadaky ýagdaý, Ýaponiýanyň energiýa aladalary baradaky meseläni asla agzamaýar.

XS
SM
MD
LG