Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň garyp ýurtlaryň köpüsini tozdurjagyny duýdurýar


BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterriş
BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterriş

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy ösüp gelýän ýurtlaryň köpüsiniň ykdysadyýetini weýran eder, häzirki wagtda olar azyk we energiýa çykdajylarynyň ýokarlanmagy we maliýe ýagdaýynyň gitdigiçe agyrlaşmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, BMG-nyň ýöriteleşdirilen iş topary duýduryş berýär.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterrişiň 13-nji aprelde çap eden hasabatynda aýdylmagyna görä, Russiýanyň Ukrainadaky urşy COVID-19 pandemiýasyna, howa üýtgemesine we ykdysady dikeldiş üçin zerur bolan maliýe serişdeleriniň tapylmazlygyna garşy göreşýän garyp ýurtlarda azyk, energiýa we maliýe krizisiniň döremegine “uly itergi” berýär.

"Häzirki wagtda biz ösüp gelýän ýurtlaryň köpüsiniň ykdysadyýetini weýran etjek “güýçli gaý-tupan bilen ýüzbe-ýüz bolýarys" diýip, Guterriş žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

"1,7 milliard adam, olaryň üçden biri öňem garyplykda ýaşaýardy - häzirki wagtda garyplygyň we açlygyň has ýokarlanmagyna getirýän azyk, energiýa we maliýe bökdençliklerine, üpjünçiligiň bozulmagyna duçar bolýar” diýip, Guterriş dünýäniň 36 ýurdunyň sarp edýän bugdaýynyň ýarysyndan gowragyny Russiýadan we Ukrainadan import edýändigini hem sözüne goşdy.

Azyk we energiýa bahalarynyň ýokarlanmagy, garyp ýurtlaryň köpüsiniň öňem aşagyndan çykyp bilmeýän bergileriniň üstüne urna bolup, sosial we syýasy durnuksyzlyga sebäp bolup biler diýip, Guterriş aýtdy.

Ol Ukrainadaky urşuň derrew bes edilmegine, eksport çäklendirmeleriniň aýrylmagyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa ýatyrylmagyna we ösüp gelýän ýurtlara maliýe goldawynyň berilmegine çagyrdy.

BMG-niň söwda we ösüşe ýardam berýän agentliginiň baş sekretary, iş toparynyň işini utgaşdyrýan Rebekka Grinspan gürrüňi edilýän adamlaryň krizisiň iň bolmanda bir ugruna - azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna, energiýa bahasynyň barha gymmatlamagyna we maliýe şertleriniň agyrlaşmagyna gitdigiçe has beter duçar boljak 107 ýurtda ýaşaýandygyny aýtdy.

1,2 milliard ilaty bolan 69 ýurt “güýçli tupana” duçar bolýar we gürrüňi edilýän üç krizisiň ählisinden juda agyr ýa-da düýpli derejede zyýan görýär diýip, hasabatda bu ýagdaýyň Afrikada 25 ýurda, Aziýada we Ýuwaş ummanda 25, Latyn Amerikasynda we Karib deňzi sebitlerinde 19 ýurda täsir ýetirjekdigi aýdylýar.

Şeýle-de, Russiýa dünýäde tebigy gazy iň köp eksport edýän, nebit eksport etmekde ikinji orunda durýan ýurt. Mundan basga, Russiýa bilen Belarus dünýäde eksport edilýän dökünleriň 20%-ini öndürýär.

Guterriş soňky bir ýylda nebitiň bahasynyň 60% -den gowrak ýokarlanandygyny, tebigy gazyň bahasynyň bolsa soňky aýlarda 50% ýokarlandygyny, dökünleriň bahasynyň iki esse gymmatlandygyny aýtdy.

Iş topary dünýä ýurtlaryny azyk önümleriniň we dökünleriň açyk bazarlaryň üsti bilen kadaly akymyny üpjün etmäge, eksport çäklendirmelerini aradan aýyrmaga we artykmaç önümleri we ätiýaçlyklary mätäç ýurtlara gönükdirmäge çagyrýar.

Guterriş bu çäräniň azyk önümleriniň bahasynyň aşa ýokarlanmagynyň öňüni almaga, azyk bazarlaryndaky durnuksyzlygyň peseldilmegine kömek etjekdigini aýtdy.

Ýöriteleşdirilen iş topary hökümetleri energiýa tygşytlamakdan saklanmaga, strategiki nebit ätiýaçlyklaryny we goşmaça ätiýaçlyklary derrew ulanyşa goýbermäge, bio-ýangyç üçin harçlanýan bugdaýyň ulanylmagyny azaltmaga çagyrýar.

Guterriş dünýä ýurtlaryny bu krizisi bir mümkinçilik hökmünde, gaýtadan dikeldilýän energiýa geçilmegini çaltlaşdyrmak üçin ulanmaga çagyrdy.

Maliýe meselesi barada aýdylanda, ýöriteleşdirilen iş topary ösüp barýan ýurtlara kömek etmekde, ykdysady ösüşiň ýene bir onýyllygynyň ýitirilmeginiň, “umumy karz krizisiniň we sosial-syýasy durnuksyzlygyň” öňüni almakda, “halkara jemgyýetçiliginiň gyssagly we çalt herekete geçmegine” çagyrdy.

Şu aralykda, BMG-niň Bosgunlar edarasynyň şu gün beren maglumatyna görä, Russiýanyň alyp barýan urşunyň 50 gününde Ukrainadan tasdan 5 million adam gaçyp çykdy.

Bu Ýewropada II Jahan urşundan bäri dörän iň uly bosgun krizisi bolup durýar.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň 14-nji aprelde çap eden täze statistikasy 4,736,471 ukrainalynyň uruş sebäpli ýurtdan gaçandygyny, olaryň bir gün ozalkysyndan 79,962 adam köpelendigini görkezýär.

BMG gaçyp çykanlaryň 90 göteriminiň aýallardan we çagalardan ybarat bolandygyny aýtdy. Kiýew häkimiýetleri harby gulluga ýaraýan erkekleriň ýurtdan çykmagyna rugsat bermeýär.

XS
SM
MD
LG