Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski CNN-e ukrain harby ýitgileriniň 3000 çemesidigini aýtdy


Wolodymyr Zelenski
Wolodymyr Zelenski

Prezident Wolodymyr Zelenski Russiýa iki aý töweregi mundan ozal çozuşa girişeli bäri, 2 müň 500 – 3 müň çemesi ukrain esgeriniň ölendigini we tas 10 müň esgeriň söweşde ýaralanandygyny aýtdy.

Ukrain lideri CNN-e beren interwýusynda birnäçe hepde bäri dowam edýän güýçli rus howa zarbalaryndan we guryýer söweşlerinden soň, özünde parahat ilatdan ölenleriň sany barada maglumatyň ýokdugyny aýtdy. CNN bu interwýudan bölekleri 15-nji aprelde efire berdi.

Has ozal, polisiýa rus güýçleriniň Ukrainanyň gündogar böleginde uruşmak üçin yza çekilmeginden soňra Kiýew sebitinde parahat ilatdan 900-dan gowrak adamyň jesediniň tapylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG