Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada çörek bişirýän kärhanalaryň 90% -i import üçin gadagan edilen enjamlarda işleýär - Hytaýda we Türkiýede alternatiwa gözlenýär


Çörek bişirýän kärhana. Ulýanowsk
Çörek bişirýän kärhana. Ulýanowsk

Russiýadaky 90% çemesi çörek bişirýän kärhanalary Ýewropadan import edilýän enjamlarda işleýär. Ýewropa Bileleşigi bu enjamlaryň eksport edilmeginine gadagançylygy sanksiýalaryň bäşinji tapgyrynyň çäginde karar edipdi. Enjamlaryň ulanylmagy üçin ätýaçlyk şaýlarynyň birnäçe aýa ýetjekdigini "Kommersant" habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, häzirki wagtda rus kompaniýalary Hytaýda we Türkiýede alternatiw üpjünçiligi gözleýärler. Hünärmenler munuň soňky önümleriň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljekdigine ynanýarlar.

Çörek bişirijileriň milli birleşiginiň başlygy Rustam Aýdiýewiň sözlerine görä, çörek bişirijileriň ýewropa enjamlaryna garaşlylygy uly şäherlerde 80-90%, sebitlerde 50-70% -e ýetýär. Ol enjam üçin zerur sarp edilýän ätiýaçlyklaryň birnäçe aýa ýeterlikdigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, enjamlarda dürli elektronikany we datçikleri çalyşmak tas mümkin bolmaz. Rustam Aýdiýew Ýewropadan getirilýän komponentlerini üpjün edijiler bilen işleşmegiň dowam etdirilmegi mümkin däl diýip hasaplaýar. "Ikinji sanksiýalardan gorkup, üçünji ýurtlaryň üsti bilen eksporta gaýtadan baş goşmaga kim razy bolar" diýip, Orsýetiň Çörek bişirijileriň milli birleşiginiň başlygy aýty.

Çörekçiler we konditer önümlerini öndürijiler bileleşiginiň wise-prezidenti Ýuriý Katsnelson, rus häkimiýetleriniň sanskiýalara garşy sanksiýalar hökmünde kanunlaşdyran parallel importyň bu ýagdaýdan çykalga bolup biljekdigine ynanýar we bu usulyň önümleriň olaryň öndürijileri tarapyndan rugsady bolmazdan import edilmegine degişlidigini belleýär. Ol munuň önümiň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boljakdygyna ynanýar.

XS
SM
MD
LG