Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski “Donbas söweşiniň” başlanýandygyny aýdýar


Donetsk regiony, 13-nji aprel, 2022

Ukrain harbylary rus güýçleriniň gündogar Ukrainanyň front çäkleriniň tas ählisine garşy "agressiw çärelere" başlandygyny aýdýarlar, prezident Wolodymyr Zelenski munuň gündogar Donbas sebitinde köpden bäri garaşylýan hüjümiň başlangyjy bolandygyny öňe sürdi.

Ukrain mediasy 19-njy aprelde Donetsk sebitiniň front çäklerinde ýerleşýän Marinka, Slawýank we Kramatorsk şäherleriniň agyr top okuna tutulandygyny habar berdiler.

Zelenski Russiýanyň gündogar Ukrainadaky "Donbas söweşine" başlandygyny we "häzir tutuş rus goşunynyň örän uly böleginiň şu hüjüme gönükdirilendigini" aýtdy.

Ukrainanyň howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli resmisi Oleksi Danilow rus güýçleriniň "Donetsk, Luhansk we Harkow sebitleriniň front çäkleriniň tas ählisinde ukrain goragyny böwüsmäge synanyşandygyny" aýtdy.

Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak muny “urşuň ikinji tapgyry” diýip atlandyrdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi soňky hüjümler barada häzirlikçe hiç zat aýtmady. Rus güýçleriniň 18-nji aprelde günbatar Ukrainada, Lwow şäherindäki harby infrastruktura uran tapgyrlaýyn raketa zarbalary azyndan ýedi adamyň ölmegine sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG