Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ hemra garşy raketa synaglaryny gadagan edýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Birleşen Ştatlar, bir taraplaýyn görnüşde, hemra garşy ýaraglary synag etmezlige borçlandy we beýleki ýurtlary hem özüne goşulmaga çagyrdy. ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris bu moratoriýany ýurduň harby-howa güýçleriniň Kaliforniýadaky Wandenberg bazasynda eden çykyşynda yglan etdi.

“Men Birleşen Ştatlaryň hemra garşy ýykgynçylykly raketa synaglaryny geçirmezlik barada şu günden güýje girýän borçnamasyny yglan edýänime şatdyryn. Gysgaça aýdylanda, bu hili synaglar howply we biz olary geçirmeris” diýip, Harris aýtdy.

Birleşen Ştatlar dünýäde öz üstüne şeýle borçnama alan ilkinji ýurt boldy diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.

Wise-prezidentiň sözlerine görä, ABŞ "bu çemeleşmäniň kosmosda jogapkärçilikli bolmagyň täze kadasyna öwrülmegi üçin beýleki ýurtlar bilen hem işleşer".

Russiýanyň Goranmak ministrligi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda 1982-nji ýyldan bäri orbitada ýerleşýän, ýöne hereketsiz kosmos gämisine zarba urmak bilen, şeýle synagyň üstünlikli geçirilendigini yglan etdi.

Waşington munuň Halkara kosmos stansiýasynyň golaýynda kosmos zibilleriniň toplanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy Josep Borrell ÝB-niň Russiýanyň hemra garşy ýarag synaglaryny geçirmegini “aýgytly ýazgarýandygyny” aýtdy.

Şuňa meňzeş synaglar Hytaý we Hindistan tarapyndan hem geçirildi. AP habar gullugynyň maglumatyna görä, ABŞ hemra garşy ýarag synagyny 2008-nji ýylda geçirdi.

XS
SM
MD
LG