Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poliomielit pakistanly çagany ysmaz etdi, premýer-ministr gyssagly ýygnak geçirmäge çagyrdy


Pakistanly saglyk işgäri bäbegiň agzyna polio waksinasyny damdyrýar.
Pakistanly saglyk işgäri bäbegiň agzyna polio waksinasyny damdyrýar.

Pakistanyň saglyk işgärleri soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda täze ýabany poliomielit wirusy ýokuşan ilkinji adamyň hasaba alnandygyny yglan etdiler. Bu habar, ýurtda täze saýlanan premýer-ministr Şehbaz Şerifiniň bu kesele garşy göreşýän milli iş topary bilen gyssagly ýygnak geçirmegi çagyrmagyna sebäp boldy.

Häkimiýetler Demirgazyk Waziristanyň demirgazyk-günbatar etrabynda 15 aýlyk bir çaganyň güýçli depginde ýokuşýan wirusdan ysmaz bolandygyny aýtdy.

Pakistanda poliomielit keselini ýok etmek boýunça Milli gyssagly operasiýalar merkeziniň koordinatory Şahzad Baigiň aýtmagyna görä, bu Pakistanda soňky 15 aýyň içinde hasaba alnyp, tassyklanan ilkinji hadysadyr.

Baig bu hadysa özüniň "gaty gynandygyny" hem aýtdy.

Pakistan we onuň goňşusy Owganystan dünýäde ýabany poliowirusyň "täsiri astyndaky" iki ýurtdyr. Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSGG) dünýäniň beýeki ýurtlarynda bu keseliň ýok edilendigini aýdýar.

Iki ýurtda ýerli ilat wirusy ýok etmek tagallalaryna şübheli garaýar we hususan-da, oba ýerlerinde söweşijiler poliomielite garşy sanjym edýän toparlara ýowuz hüjüm edip, keselçilge garşy göreşde päsgelçilik döredýärler.

Poliomielit - lagym we lagym suwlary arkaly geçýän, ysmazlyga we ölüme sebäp bolup bilýän bejerip bolmaýan keseldir.

XS
SM
MD
LG