Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almaty polisiýasy syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap edýän protestçileri tussag etdi


Almaty, 24-nji aprel, 2022
Almaty, 24-nji aprel, 2022

Almaty şäherinde polisiýa syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap etmäge ýygnanan adamlary zor bilen tussag etdi.

“Vlast.kz” neşiriniň habaryna görä, tussag edilenleriň arasynda protesti gurnaýjy Aýgerim Tleužan we žurnalist Daniýar Moldabekow hem bar.

Aktiwistler 24-nji aprel güni günortan Ylymlar akademiýasynyň öňünde ýygnandylar we ýanwar wakalary wagtynda, ondan soň tutulan syýasy tussaglaryň, saklanan adamlaryň boşadylmagyny talap etdiler.

Aktiwist Aýgerim Tleužan bu ýygnanyşyk barada häkimlige öňünden habar berendigini, ýöne ýazmaça jogap almandygyny aýtdy. Ol her hepde, "syýasy tussaglaryň ählisi türmeden boşadylýança", şeýle çäre geçirjekdigini aýtdy.

Häkimiýetler bu "çäräniň bikanun” geçirilýändigi barada dilden duýduryş berdiler we demonstrantlary dargatmaga synanyşdylar.

Aktiwistler ýöriş edip, “Dostyk” şaýoluna tarap geçjek bolanlarynda, polisiýa olary tussag etmäge başlady. Orda.kz neşiri 12 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Polisiýa bu çäre we tussag etmeler barada hiç bir beýanat çap etmedi. Emma biraz soň kazyýetiň üç aktiwisti, Rawkat Muhtarowy, Aýigerim Tleužany we Beken Beýsaliýewi "parahatçylykly ýygnaklary guramak we geçirmek baradaky kanuny bozmakda" aýyplap, 15 gün tussag edendigi belli boldy.

XS
SM
MD
LG