Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk topary Russiýanyň Mariupoldan çykjak raýatlara ýol açmagyna çagyrýar


Topa tutulýan zawot
Topa tutulýan zawot

Ynsan hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) häzir gabawdaky Mariupol portunyň köp bölegine gözegçilik edýän rus güýçleriniň strategiki şäherden çykyp bilmän galan asuda ilatyň Ukrainanyň gözegçiligindäki ýerlere howpsuz geçmegine ýol bermegine çagyrdy.

Mariupol 2-nji martdan bäri rus goşunlarynyň gabawynda galýar we şäheriň köp bölegi weýran edildi, müňlerçe parahat ýaşaýjynyň öldürilendigi aýdylýar.

Mariupolyň “Azowstal” polat zawodynda gizlenen 2000-e golaý ukrain esgeri bolsa henizem, aldygyna howa zarbalaryny urup, olary bukularyndan mahrum etmäge çalyşýan rus güýçlerine garşy berk durmaklaryny dowam etdirýärler.

Topa tutulýan polat zawodynda 1000 töweregi parahat ýaşaýjynyň hem gizlenýändigi aýdylýar. HRW 26-njy aprelde çap eden beýanatynda "Ukrainanyň günorta-gündogar port şäheri Mariupoluň köp bölegini basyp alan rus güýçleri şäherde gabalyp galan raýatlaryň, eger şeýle etmekligi saýlap alsalar, howpsuz ýagdaýda Ukrainanyň gözegçiligindäki territoriýa çykyp bilmeklerini üpjün etmelidir" diýdi.

Şeýle-de, gözegçilik guramasy gartaşan adamlara, maýyplara, syrkawlara ýa-da ýaralananlara aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.

HRW BMG-niň Baş sekretarynyň, 26-njy aprelde Moskwa baran we soňra Kiýewe barjak António Guterrişiň hem ýokary derejeli rus resmileriniň Mariupoldaky parahat ilatyň ýagdaýyny göz öňünde tutmalydygyny, olara “bikanun raýat ölümleri we halkara ynsanperwerlik kanunlarynyň beýleki çynlakaý bozulmalary üçin jogapkärçilige çekilip bilinjekdiklerini” duýdurmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG