Ukrainanyň goranmak ministri ýurduň öňünde "adatdan daşary kyn hepdeleriň" bardygyny aýdyp, ýurduň gündogarynda dowam edýän töwerekleýin rus hüjümleriniň uly “ýykgynçylyk” wehimini duýdurdy.
Russiýa "bize mümkin boldugyça köp agram salmaga synanyşar" diýip, goranmak ministri Oleksi Reznikow 27-nji aprelde mümkin bolan “heläkçilikler we agyr ýitgiler” barada duýduryş berdi.
Onuň bu beýanaty takmynan 40 ýurduň resmileriniň Germaniýanyň Ramşteýn şäherindäki ABŞ howa bazasynda geçirýän iki günlük maslahatyna gabat edildi.
Reznikow munuň "hakyky koalisiýanyň duşuşygydygyny, onuň maksadynyň diňe Kremli jogapkärçilige çekmekden däl-de, eýsem Russiýanyň zalymlygyny ýeňmekden, medenileşen dünýäniň bu uruşda ýeňiş gazanmagyny üpjün etmekden" ybaratdygyny aýtdy.
27-nji aprelde günbatar ýurtlary Russiýany Polşa we Bolgariýa iberýän gazyny kesmekde aýyplady. Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawiecki Russiýanyň bu hereketini öz ýurduna edilen "göni hüjüm" diýip atlandyrdy we Polşanyň güýzden başlap rus gazyny satyn almajakdygyny aýtdy.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen Kremliň ÝB döwletleriniň arasynda "bölünişik döretmek" synanyşygynyň ýene-de başa barmandygyny aýtdy.
Ol ÝB-niň "bu ssenariýa taýyndygyny" aýtdy we gyssagly meýilnamalaryň düzülendigini we jogabyň "çalasyn, jebislikde we utgaşdyrylan ýagdaýda” beriljekdigini belledi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.