Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewe urlan raketa zarbasynda AÝ/AR-nyň Ukrain gullugynyň žurnalisti öldi


Wira Hiriç
Wira Hiriç

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugynyň žurnalisti Wira Hiriç Kiýewe urlan raketa zarbasy netijesinde heläk boldy.

Kärdeşi Aleksandr Demçenkonyň aýtmagyna görä, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugynyň Kiýewdäki býurosynda işleýän žurnalist Wira Hiriç bir gün ozal paýtagta urlan howa zarbalary wagtynda heläk boldy.

Hiriç raketa zarbasynyň gelip degen ýaşaýyş jaýynda eken, onuň jesedi şu gün irden, harabalygyň aşagyndan tapyldy diýip, žurnalistiň kärdeşi aýtdy.

1967-nji ýylda doglan Wira Hiriç radionyň Kiýew býrosynda 2018-nji ýylyň fewralyndan bäri işleýän eken. Ondan ozal ol Ukrainanyň öňdebaryjy telekanalynda işläpdir.

Bir gün öň, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň sapary wagtynda, Kiýewe azyndan iki gezek howa zarbasynyň urlandygy habar berildi.

Kiýewiň ýolbaşçylary raketalaryň biriniň Şewçenkowski etrabynda 25 gatly ýaşaýyş jaýyna gelip urandygyny habar berdiler. Bu zarba netijesinde 10 adam ýaralandy.

Şu gün Kiýewiň häkimi Witaliý Klitçko harabalygyň aşagyndan ölen adamlaryň biriniň jesediniň çykarylandygyny aýtdy.

Ukrainanyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Anton Geraşçenko rus goşunynyň, olary urmak kyn bolar ýaly, bir nyşana şol bir wagtyň özünde üç sany raketa atandygyny aýtdy.

"Kiýewe gönükdirilen raketalaryň biri howa goragymyz tarapyndan uruldy" diýip, ol aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow 28-nji aprelde “uzak aralyga ýetýän, ýokary takyklyga” eýe bolan raketalaryň ukrain raketa öndürijisi “Artýemiň” Kiýewdäki zawodynyň binalaryna baryp urandygyny aýtdy.

Ukrain resmileri hüjüm wagtynda zawodyň urlandygy ýa-da däldigi barada düşündiriş bermediler.

XS
SM
MD
LG