Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maiupoldan 100-e glaý asuda adam çykaryldy. Britaniýa rus güýçleriniň 'uly ýitgi' çekendigini aýdýar


Mariupoldan ewakuasiýa edilen 100-e golaý ukrain raýatynyň günorta-gündogar Zaporižýa şäherine gelmegine garaşylýar, ýöne ýüzlerçe adam şindi hem gabaw astyndaky Azow portunda, “Azowstal” polat zawodynyň aşagyndaky bukularda galmagyny dowam etdirýär.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski twitterde çap eden beýanatynda 1-nji maýda geçirilen ewakuasiýa çäresine ýokary baha berdi.

"Öz toparymyza minnetdar! Indi olar [Birleşen Milletler Guramasy] bilen bilelikde, çykyp bilmän galan beýleki parahat adamlary ewakuasiýa etmek boýunça iş alyp barýarlar" diýip, Zelenski aýtdy.

Şäher häkiminiň kömekçisiniň aýtmagyna görä, 2-nji maýda Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Mariupolda galan parahat ilaty ewakuasiýa edýän has köp awtobus şäherden çykypdyr, ýöne ol awtobuslardaky raýatlaryň “Azowstal” polat zawodynda gizlenen adamlar däldigini aýtdy.

Ol Russiýanyň Ukrainanyň Mariupol şäherinde ýerleşýän “Azowstal” polat zawodyna urýan top zarbalaryny bu ýerdäki parahat ilaty ewakuasiýa edýän awtobuslar ugran badynda, gaýtadan dikeldilendigini aýtdy.

Russiýanyň 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa eden Krym ýarymadasynyň gapdalynda, strategiki orunda ýerleşmegi Mariupoluň rehimsiz rus bombalamalarynyň nyşanasyna öwrülmegine we uruşdan öň 400 müňe golaý ilaty bolan şäheriň ýer-ýegsan edilmegine sebäp boldy.

Çozuşyň ilkinji günlerinde bu şäherde Russiýanyň eden howa hüjümlerinde bir çaga dogrulýan hassahana zarba urlandygy, iki gapdalynda ‘çagalar’ diýip ýazylan teatra urlan zarbada ýüzlerçe adamyň ölendigi habar berildi.

Mariupoldan çykyp bilmän galan adamlaryň 100,000 töweregi bolmagynyň mümkindidi aýdylýar, şol sanda şäheriň ruslar tarapyndan basylyp alynmadyk ýeke-täk böleginde, “Azowstal” toplumynyň aşagynda hem 2000-e golaý ukrain söweşijisi bar.

“Azowstaldaky” ukrain goragçylary 30-njy aprelde azyk, suw we beýleki üpjünçilikleriniň gutarýandygyny aýdyp, kömek sorap, wideo ýazgy çap etdiler.

Söweş meýdanynda, britan aňtaw gullugynyň 2-nji maýda yglan eden hasaplamalaryna görä, Russiýanyň saýlama güýçleri örän uly ýitgi çekdi we olaryň öwezini doldurmak üçin birnäçe ýyl gerek bolar.

Habarda aýdylmagyna görä, konflikt başlanaly bäri Russiýanyň basyp alyjy güýçleriniň 25 göteriminden gowragy “söweşe ukypsyz” ýagdaýa salyndy.

24-nji fewralda goňşy ýurda garşy alyp barýan çozuşyna başlanda, Russiýa 120-den gowrak batalýony herekete girizdi, olaryň 65 göterimine golaýy ýurduň tutuş gury ýer söweş mümkinçiliklerine wekilçilik edýärdi diýip, Angliýanyň Goranmak ministrliginiň gündelik habarynda aýdylýar.

"Bu goşun bölümleriniň dörtden bir böleginden gowragynyň häzir söweş ukybyny ýitiren bolmagy ähtimal" diýip, habarda aýdylýar we saýlama goşun bölümleriniň, şol sanda howa güýçleriniň has köp ýitgi çekendigi öňe sürülýär.

"Russiýanyň bu güýçleri gaýtadan dikeltmegi üçin, belki-de, birnäçe ýyl gerek bolar" diýip, britan aňtaw hasabatynda bellenilýär.

Şu aralykda, rus güýçleriniň gözegçiligini geçeninden soň, Ukraina dört esasy deňiz portunyň wagtlaýyn ýapylýandygyny yglan etdi.

Ýurduň Oba hojalygy ministrliginiň 2-nji maýda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, Berdýansk, Mariupol, Skadowsk we Herson deňiz portlary, "Ukraina olaryň üstünden edýän gözegçiligini dikeldýänçä" ýapyk bolar.

ABŞ-nyň birinji hanymy Jill Baýden 5-9-njy maý aralygynda Rumyniýa we Slowakiýa gelip, ABŞ-nyň hyzmat gullugynyň agzalary we ilçihananyň işgärleri, ukrain bosgunlary, ynsanperwer kömek işgärleri we mugallymlar bilen duşuşar diýip, onuň edarasy 2-nji maýda aýtdy.

NATO we ÝB agzalary bolan Rumyniýa we Slowakiýa rus çozuşlaryndan gaçyp gelen ýüzlerçe müň ukrain bosgunyny kabul etdi.

BMG-niň Bosgunlar gullugy 2-nji maýda 24-nji fewralda, Moskwanyň goňşy ýurda goşun sürmegi netijesinde başlanan urşuň başyndan bäri Ukrainadan 5,5 milliondan gowrak adamyň gaçandygyny habar berdi.

Baýdeniň sapary ABŞ-nyň Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosiniň dynç günleri Kiýewe eden saparynyň yzysüre amala aşyrylar. Pelosi 30-njy aprelde prezident Wolodymyr Zelenski bilen duşuşdy.

"Biz siziň ýurduňyza azatlyk ugrundaky söweşiňiz üçin sag bolsun aýtmaga geldik" diýip, Pelosi Zelenskä ýüzlenip aýtdy. “Biz azatlyk serhedinde, siziň alyp söweşiňiz bolsa hemmeler üçin. Biziň bu ýerdäki borjumyz, söweş tamam bolýança, şu ýerde siziň ýanyňyzda bolmakda” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden geçen hepde Kongresden Ukraina üçin 33 milliard dollarlyk kömek bukjasyny sorady.

XS
SM
MD
LG