Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 29-njy aprelde Bakuwdaky ADA uniwersitetinde (Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasy) gurnalan halkara konferensiýasynda çykyş edip, 2020-njy ýylda Dagly-Garabagda bolan harby çäreler wagtynda Russiýanyň Ermenistana Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden ýarag iberendigini aýtdy. Emma ol hiç bir jikme-jiklik getirmedi.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu maglumaty Türkiýäniň “Anadolu” habar gullugyna salgylanyp çap etdi.
Alyýewiň sözlerine görä, Ermenistan Russiýany Kollektiw goranyş şertnamasy guramasy arkaly urşa çekmäge çalyşdy, emma bu başa barmady, ýöne Russiýa Ermenistana Mozdokdan we Rostowdan yzygiderli ýarag iberdi diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, Azerbaýjanyň Gürjüstana Russiýanyň ýarag iberýän howa we gury ýer ýollaryny baglamak haýyşy bilen ýüz tutandygy, Tbilisiniň Bakuwyň haýyşyny kanagatlandyrandygy aýdylýar. Emma Bakuwyň bu meselede, rus ýaraglary üçin howa ýollaryny ýapmak barada Gazagystandan, Eýrandan we Türkmenistandan eden haýyşlary jogapsyz galýar we, Alyýewiň anyklaşdyrmazdan tassyklamagyna görä, bu ýurtlaryň üstünden iberilýän harby ýükler dowam etdirilýär.
Habarda Azerbaýjanyň 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Siriýadan gaýdyp gelýän rus harby uçarynyň öz howa çäginden geçmegine rugsat bermändigi, netijede ol uçaryň bitarap Türkmenistanyň üstünden geçendigi aýdylýar.
“Türkmenistanyň Hronikasy” Türkmenistanyň bitaraplyk durumynyň bardygyny we munuň Aşgabadyň beýleki döwletleriň harby hereketlerine goşulmazlyk ýörelgesini aňladýandygyny belleýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu habar bilen baglylykda häzire çenli hiç bir beýanat çap etmedi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.