Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Türkmenistandan ýene bir çarter uçuşyny guraýar


“Türk Howaýollary” 11-nji maýda Stambul-Aşgabat-Stambul aralygynda ýene bir çarter uçuşyny gurnaýar diýip, “Trend” neşiri “Türkmenportal” neşirine salgylanyp habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistandan Türkiýä mundan öňki çarter uçuşlary şu ýylyň 22-nji aprelinde we 1-nji maýynda gurnaldy.

Şeýle-de habarda Türkmenistanyň Türkiýe, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Hindistan, Gazagystan we ÝB ýurtlary ýaly ýerleden aýda birnäçe gezek çarter uçuşlaryny gurnajakdygy bellenilýär.

2020-nji ýylyň mart aýynda pandemiýa sebäpli girizilen syýahat çäklendirmeleri netijesinde Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlary bilen aradaky yzygiderli uçar gatnawlaryny bes etdi we, beýleki ýurtlarda yzygiderli uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigine garamazdan, daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna dolamaga howlukmaýar diýip, synçylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG