Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Azowstal” polat zawodynda 200-den gowrak raýat galdy


Şäher häkimi Wadim Boýçenko 3-nji maýda Ukrainanyň gabawa düşen Mariupol portundaky “Azowstal” zawodynda ýene 200-den gowrak parahat ýaşaýjynyň bardygyny aýtdy.

Boýçenko Russiýanyň çozuşyndan ozal 400,000 töweregi ilaty bolan günorta şäheriň häzir jemi 100,000 töweregi parahat ýaşaýjysynyň bardygyny aýtdy.

100-e golaý ukrain raýatyndan ybarat bir topar Mariupoldan çkyp, häkimiýetleriň habaryna görä, 230 km uzaklykda ýerleşýän günorta-gündogar Zaporižýa şäherine gitdi.

Emma Russiýanyň “Azowstal” şäherine urýan zarbalaryny dowam etdirmegi bilen, 2-nji maýda asuda ilaty şäherden göçürmek tagallalary togtadyldy.

Şu aralykda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugynyň 3-nji maýda Goranmak ministrligine salgylanyp ýazmagyna görä, soňky iki aýda 1 milliondan gowrak adam, şol sanda 200 000 töweregi çaga Ukrainadan Russiýa äkidildi.

XS
SM
MD
LG