Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AP derňewi Mariupol teatrynda 600 töweregi adamyň öldürilendigini görkezýär


Ýumrulan teatr

AP habar gullugy Russiýanyň Mariupoldaky teatra uran zarbasynda 600 töweregi parahat ýaşaýjynyň ölendigini görkezýän derňew geçirendigini aýdýar. Ýerli ilat bu teatry howa hüjümlerinden goranmak üçin gaçybatalga hökmünde ulanýardy.

Daşynda içinde çagalaryň bardygyny görkezýän görnükli ýazgylaryň ýazylyp goýlandygyna garamazdan, 16-njy martda howadan zarba urlan teatrda ölen adamlaryň anyk sany belli däl. Sebäbi bu ýerde barýan agyr söweşler häkimiýetleriň harabalygyň aşaklaryny dogry gözden geçirmegine ýol bermedi.

Ukrain resmileri bu hüjümde azyndan 300 adamyň ölendigini aýtdylar. AP öz derňewiniň diri galan 23 adamyň, halas edijileriň we bomba gaçybatalgasy hökmünde ulanylan binanyň häzirki ýagdaýyny gowy bilýän adamlaryň beren gürrüňlerine esaslanýandygyny we heläk bolanlaryň azyndan iki esse köpdügini öňe sürdi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy esassyz urşa başlaly bäri parahat ilaty nyşana alýandygyny inkär etse-de, subutnamalar düýpgöter başga ýagdaýy görkezýär.

Mariupolda ýerleşýän Donetsk akademiki drama teatryna urlan howa zarbasy şu güne çenli asuda ilata garşy edilen iň ganly hüjüm diýip bilinýär.

"Ol ýerdäki adamlaryň ählisi şindi hem harabalygyň aşagynda ýatyr, sebäbi ol harabalygy hiç kim gazmady" diýip, AP ganly hüjümden aman galan Oksana Siominanyň sözlerine salgylanyp ýazdy.

"Bu ýer uly köpçülikleýin mazar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG