Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan Özbek serhedinde bolan atyşykda 3 adamyň öldürilendigini aýdýar


Gyrgyz häkimiýetleri Özbegistanyň serhetçileriniň iki ýurduň umumy serhediniň boýunda ok atyp, üç adamy öldürendigini aýtdylar.

Özbek häkimiýetleri Gyrgyzystanyň serhet gullugynyň 6-njy maýdaky habaryna bada-bat hiç bir düşündiriş bermediler.

Serhet gullugy bu wakanyň bir gün öň, günbatardaky Jelalabad sebitinde, Fergana jülgesiniň golaýynda bolandygyny aýtdy.

Serhet gullugynyň beýanatynda ýaralanan üç adamyň golaýdaky keselhana getirilenden soň ölendigi aýdyldy. Bolan waka barada goşmaça maglumat berilmedi.

Habar berilmegine görä, ýerli gyrgyz we özbek liderleri bu wakany ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar we 6-njy maýda has köp duşuşyk meýilleşdirildi.

Özbek-gyrgyz serhedinde suw ýa-da ulag ýollary, taryhy çäkler we baş-başdak çekilen araçäk belgileri üstünde mundan öňem dürli çaknyşyklar we atyşyklar bolupdy.

Serhet dawalary Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky serhetde hem yzygiderli ýüze çykýar.

Geçen ýyl etniki täjikler we etniki gyrgyzlar bilen baglanyşykly zorlukda azyndan iki adam ölüp, 150-den gowrak adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG