Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa Putiniňki diýlip güman edilýän $700 millionlyk ýahtany saklamagy buýurdy


140 metrlik "Şährizada” soňky alty aýyň dowamynda Italiýanyň Marina di Karrara portunda bejeriş alýardy.
140 metrlik "Şährizada” soňky alty aýyň dowamynda Italiýanyň Marina di Karrara portunda bejeriş alýardy.

Italýan häkimiýetleri, metbugat habarlaryna we aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine dahylly hasaplanýan 700 million dollarlyk superýahtanyň eýesiniň elinden alynmagyny buýurdy.

Italiýanyň Maliýe ministrliginiň 6-njy maýdaky beýanatynda aýdylmagyna görä, polisiýa derňewleri bu gäminiň eýesiniň "rus hökümetiniň görnükli elementleri" hem-de Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryna sezewar bolan adamlar bilen ilteşiklidigini görkezdi.

140 metrlik "Şährizada” soňky alty aýyň dowamynda deňiz kenaryndaky Massa şäheriniň golaýynda, Italiýanyň Marina di Karrara portunda bejeriş alýardy. Ýöne soňky işjeňlikler ýahtanyň ýakyn wagtda deňze çykmaga taýýar edilip bilinjekdigini yşarat etdi.

"Şährizadanyň" eýeçiligi meselesi Italiýanyň maliýe polisiýasynyň geçiren derňewleriniň subýekti boldy. Italiýan polisiýasyna ýakyn bir çeşmäniň iň soňky buýrukdan öň AFP habar gullugyna aýtmagyna görä, ýahtanyň eýeçiligini kesgitlemek "hemişe o diýen aňsat iş bolmaýar”.

"SuperYachtFan" web sahypasynyň maglumatyna görä, Germaniýanyň “Luerssen” firmasy tarapyndan 2020-nji ýylda gurlan gämide, beýleki amatlyklardan başga, iki sany dikuçar gonalgasy, basseýn we kinoteatr hem bar.

XS
SM
MD
LG