Täze barlaglaryň netijesine görä, towuklaryň dünýä ýaýramagynda, Merkezi Aziýanyň möhüm hyzmaty bolupdyr.
Eurasianet neşiriniň maglumatyna görä, arheologlar köpden bäri Merkezi Aziýanyň günortasyndaky gadymy oturymly ýerlerde ýumurtga gabyklaryny we towuk süňklerini tapýarlar. Merkezi Aziýadan tapylan müňlerçe ýyllyk taryhy bolan sungat eserlerinde hem ýumurtga şekilleri bar.
Gen yzygiderliligi tehnologiýasyndaky soňky ylmy gazananlar alymlara Ýüpek ýolunyň ugrunda, öý towuklarynyň gadymdan ýaýrandygyna ýakyndan göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Adamzat taryhyny öwreniş institutynyň Maks Plank Jemgyýetinden Robert Spengleriň ýolbaşçylygyndaky topar Özbegistanyň we Täjigistanyň çägindäki 12 arheologiki gözleg-agtaryş ýerlerinden tapylan ýumurtga gabygynyň nusgalaryny gözden geçirdi. Şol ýerleriň ählisinde diýen ýaly, şol sanda Özbegistandaky häzirki Buhara şäheriniň golaýynda açylan Baş-tepe gadymy oturymly ýerde hem ýumurtga gabyklary häli-şindi duş gelýär. Ol medeniýet biziň eýýamymyzdan öňki 200-nji ýyla degişli hasaplanýar.
Ol barlaglaryň netijeleri esasynda, "Towuk haçan Ýola çykdy: Merkezi Aziýanyň gadymy towuklary hakda, degerli arheologiki we molekulýar subutnamalar" atly ylmy işiň çap edilmegine garaşylýar. Spengler hem onuň kärdeşleri ol barlaglar üçin peptidlerden (molekula garyndysyndan) galan köp sanly yzlardan peýdalanýarlar. Bu usul olara özboluşly beloklary bölüp aýyrmaga we 18 dürli nusganyň genetiki kodlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Tapylan kodlaryň on alty nusgasy öý towugynyň genom yzygiderliligine (G. gallus domesticus) gabat geldi. Alymlaryň pikirine görä, görkezijiniň şeýle ýokary derejede bolmagy biziň eýýämymyzdan öňki 200-nji ýyldan XII asyra çenli ol haýwanlaryň öý-hojalyk şertine üznüksiz uýgunlaşdyrylandygyny görkezýär.
Awtorlar iki ylmy çaklamany öňe sürýärler. Olaryň birinjisine görä, “towuklaryň gadymy dünýäden soňky asyrlarda çalt we giňden ýaýramagy köp ýumurtga guzlaýan dürli tohumlaryň peýda bolmagy bilen baglanyşykly bolmaly". Ikinji çaklama görä, Aleksandr Makedonskiý ölenden soň, gysga wagtyň içinde (goşunlaryň Merkezi Aziýa towuk getiren bolmagy mümkin) hem-de iň bolmanda mongol çozuşyndan öň "Merkezi Aziýanyň ähli obalarynda we şäherlerinde, guşçulygy döretmek we ýumurtga öndürmek ykdysadyýetiň möhüm we üýtgewsiz bir bölegini düzen bolmagy mümkin". Şeýle hem awtorlaryň pikirine görä, guşçulygyň (guşlaryň) irki döwürde eldekileşdirilmegine we ýaýramagyna towuklaryň medeni jähtden goşant goşandygyna subutnama bolup durýar.
Horaz "gadymy döwürlerden bäri Içerki Aziýada mertligiň nyşany bolupdyr, Zoroastrizm dininde bolsa, horaz gijelik bilen gündizligiň arasyndaky ebedi göreşde, ýagtylygy hem ýeňşi wasp edýän ruhy şekillendirýär." Ýüpek ýolunyň merkezindäki ýurtlarda bu guşuň ähmiýeti, takmynan iki müň ýyl mundan ozal Ýeriň iki ýarym bölegine çalt ýaýramagyna goşant goşup biler”. Horazyň antropomorf, ýagny adamlaşdyrylan şekilleri we Zoroastr dinine uýýanlar tarapyndan galan adam suratlary Merkezi Aziýanyň birnäçe ýerinden, şol sanda Sinjiangdan tapyldy.
Barlaglar Ýüpek ýolunyň ugrundaky köp iri şäherlerde, towuk etiniň yzygiderli iýlendigini tassyklaýar. Ýewropada towuklar ellinizm zamanynda eldekileşdirilen bolsa-da, ol has kiçi çäkde bolup geçipdir, köpler towuklary diňe zibil taşlandylaryna gelýän guş hasaplapdyrlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.