Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyz Ukrainanyň ilkinji prezidenti Leonid Krawçuk 88 ýaşynda aradan çykdy


 Leonid Krawçuk
 Leonid Krawçuk

Sowet Soýuzyndan garaşsyzlyga çykan Ukrainanyň ilkinji prezidenti bolan Leonid Krawçuk 88 ýaşynda aradan çykdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň edarasy 10-njy maýda Telegramda Krawçugyň ýogalandygyny tassyklady, ýöne goşmaça maglumat bermedi.

Krawçugyň saglyk ýagdaýy gowy däldi we ol geçen ýyl ýüregine operasiýa etdirdi. Zelenski Krawçugy sowet dolandyryşyndan soň galagoply döwürde, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurda ýolbaşçylyk eden paýhasly lider hökmünde häsiýetlendirdi.

"Ol elmydama paýhasly sözleri tapyp, olary ähli ukrainala düşünikli boljak derejede beýan edip bilýän adamdy" diýip, Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Krawçuk Ukrainanyň 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny jar etmeginde hereketlendiriji güýç bolupdy we şol ýylyň 8-nji dekabrynda Russiýanyň, Belarusyň ýolbaşçylaryna goşulyp, Sowet Soýuzynyň resmi taýdan dargandygyny yglan edýän şertnama gol çekdi.

Garaşsyzlykdan ozal Krawçuk Sowet Soýuzynyň çökýän ýyllarynda Ukrainanyň Kommunistik partiýasyna başlyk bolmak bilen ýurda ýolbaşçylyk etdi.

XS
SM
MD
LG