Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kongresi Ukraina kömek üçin 40 milliard dollar bölüp berdi


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Alabamadaky “Lockheed Martin” zawodynda, “Javelin” raketalarynyň öndürilýän ýerinde çykyş edýär. 2022-nji ýylyň 3-nji maýy.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Alabamadaky “Lockheed Martin” zawodynda, “Javelin” raketalarynyň öndürilýän ýerinde çykyş edýär. 2022-nji ýylyň 3-nji maýy.

ABŞ-nyň Wekiller öýi ikinji gün sesleriň aglaba köplüginde, Russiýanyň harby çozuşyna sezewar bolan Ukraina 40 milliard dollarlyk harby, ykdysady we ynsanperwer kömegini bermek baradaky kanun taslmasyny tassyklady.

Bu Jo Baýden administrasiýasynyň Ukraina kömek üçin soran serişdesinden hem 7 milliard dollar köp bolýar. Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşundan bäri bu ABŞ Kongresiniň Ukraina üçin bölüp berýän ikinji uly kömegi bolýar.

ABŞ-nyň kanun çykaryjylary mart aýynda rus hüjümlerinden goranýan Ukraina kömek üçin 13,6 milliard dollar bölüp berdiler. Eger-de kanun taslamasy Senat tarapyndan tassyklansa, uruş başlanaly bäri Ukraina berilýän kömegiň mukdary 50 milliard dollardan geçer.

Wekiller öýüniň başlygy Nensi Pelosi Kongresiň aşaky palatasynyň mejlisinde eden çykyşynda ABŞ-nyň Ukrainany goldamak bilen demokratiýanyň diktatorlyga garşy göreşini goldaýandygyny aýtdy.

"Demokratiýa üstün çykmaly, Ukrain halky öz demokratiýasy, şol sanda biziň demokratiýamyz üçin hem göreşýär” diýip, Pelosi aýtdy.

XS
SM
MD
LG