Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus çozuşy başlanaly bäri 6 million ukrainaly ýurdundan gaçdy


Ukrainaly bosgun Oksana Gorgiladze, çagalary bilen.
Ukrainaly bosgun Oksana Gorgiladze, çagalary bilen.

BMG-niň bosgunlar edarasy 12-nji maýda Russiýanyň 24-nji fewralda başlan giň gerimli hüjüminden bäri Ukrainadan 6 milliondan gowrak bosgunyň gaçandygyny aýtdy.

Bosgunlar edarasynyň hasaplamalaryna görä, Ukrainany 11-nji maýa çenli jemi 6,029,705 adam terk etdi, olaryň 90 göterimi aýallar ýa-da çagalar bolup durýar.

Ukrain häkimiýetleri konfliktiň başynda 18, 60 ýaş aralygyndaky erkekleriň, harby, raýat we beýleki goranyş çärelerini güýçlendirmek tagallalary sebäpli, ýurtdan çykmagyny gadagan etdi.

Ýurtdan çykan millionlarça adam goňşy ýurtlarda ýerleşdi, olaryň iň köp bölegi ÝB-niň agzasy bolan Polşa bardy..

Konflikt sebäpli ýene sekiz million ukrainaly ýaşaýan ýerlerinden gaçyp, içerki bosgunlyga sezewar boldy diýip, BMG-niň bosgunlar edarasy aýtdy.

XS
SM
MD
LG