Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň "ýüzüni ýitirmezligi" üçin Ukrainanyň "özygtyýarlylyk meselesinde belli bir eglişik etmegi" teklip etdi diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bu barada Italiýanyň “Rai 1” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu "dogry bolmandyr". Zelenskiý Ukrainanyň "kimdir biriniň bir zadyny saklamak üçin bu sebäpli territoriýasynz ýitirmäge" taýyn däldigini aýtdy.
Makronyň teklibiniň düýp manysynyň näme bolandygyny we haçan edendigini Zelenskiý aýtmady. Makron soňky gezek fewral aýynyň başynda, Russiýanyň giň gerimli çozuşyny başlamazdan ozal Moskwa we Kiýewe baryp görüpdi, emma sapar rus goşunlarynyň Ukrainanyň serhedinde jemlenendigi baradaky habarlaryň fonunda bolupdy. Şonda metbugat Makronyň Putinden Zelenskä, hususan-da Russiýanyň Minsk şertnamalaryny düşündirmek baradaky şertlerine razylyk bermek baradaky teklipleri getirip biljekdigini ýazypdy. Uruş Fransiýanyň prezidentiniň saparyndan takmynan iki hepde soň başlandy.
Zelenskiý beren interwýusynda "Emmanuel bu ýa-da beýleki diplomatik ädimleri ätmeli däl" diýdi. Ol Russiýanyň prezidentiniň "ýüzüni halas etmegiň" ýerine, Russiýany halas etmek barada pikirlenmegi teklip etdi.
Ukrainanyň prezidentiniň sözlerine görä, ol henizem Putin bilen duşuşmaga taýyn, ýöne deslapky şertler we ultimatumlar bolmazdan we diňe ikiçäk ýagdaýda. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow şeýle duşuşygyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin däl-de, eýsem diňe resminamalara gol çekmek üçin mümkindigini anna güni ýene-de gaýtalady.
Zelenskiniň sözlerine Fransiýa entek reaksiýa bildirmedi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.