Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina gündogarda täze rus hüjümlerine taýynlanýar, NATO Kiýewiň uruşda ýeňip biljekdigini aýdýar


"Ukraina bu uruşda ýeňip biler" diýip, Stoltenberg ýaranlygyň Kiýewe berýän harby goldawyny dowam etdirmelidigini nygtady.
"Ukraina bu uruşda ýeňip biler" diýip, Stoltenberg ýaranlygyň Kiýewe berýän harby goldawyny dowam etdirmelidigini nygtady.

Ukraina 16-njy maýda Russiýanyň gündogarda täzeden hüjüm etmegine taýynlyk gördi, emma NATO Moskwanyň çozuşynyň meýilleşdirişi ýaly barmaýandygyny we Donbasy ele geçirmek tagallalarynyň bökdençlige uçrandygyny aýtdy.

Şu aralykda ukrain goşuny ýurduň ikinji uly şäheri bolan Harkowyň töwereginde rus goşunlaryna berýän gaýtawulynyň we garşylylykly hüjümleriniň güýçlenendigini aýtdy.

"Biz Russiýanyň Donbasa hüjüm etmek, Ukrainanyň günortasyndaky hereketini nähilem bolsa tijendirmek üçin täze synanyşyk etmegine taýýarlyk görýäris" diýip, prezident Wolodymyr Zelenski 15-nji maýda, giçlik eden çykyşynda aýtdy.

"Basybalyjylar henizem özleriniň petige gelip dirändiklerini we “ýörite operasiýa” diýýän zatlarynyň eýýäm batandygyny boýun almak islemeýärler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Prezidentiň geňeşçisi Oleksiý Arestowiç Harkowda ukrain güýçleriniň garşylykly hüjümlerine duçar bolan rus goşunlarynyň Donbasa tarap geçirilýändigini aýtdy.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 15-nji maýda Berlinde bileleşigiň ýokary derejeli diplomatlary bilen duşuşyp, urşuň "Moskwanyň meýilleşdirişi ýaly barmaýandygyny" aýtdy.

"Ukraina bu uruşda ýeňip biler" diýmek bilen, Stoltenberg ýaranlygyň Kiýewe berýän harby goldawyny dowam etdirmelidigini nygtady.

XS
SM
MD
LG