Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Finlandiýaly, şwesiýaly kanun çykaryjylar NATO agzalygyny maslahatlaşýar, Moskwa duýduryş berýär


Russiýanyň iki demirgazyk goňşusynyň bu bileleşige goşulmagynyň "has agyr netijelere" getirjek "uly ýalňyşlyk" boljakdygyny duýdurmagy bilen, Finlandiýanyň we Şwesiýanyň kanun çykaryjylary 16-njy maýda NATO agzalygyna ýüz tutmak meselesini ara alyp maslahatlaşýar.

Onlarça ýyl bitarap ýurt bolan Finlýandiýa we adatça ýaranlyklara goşulmakdan çeke duran Şwesiýa, öz ýurtlarynda Russiýanyň harby agressiýasy sebäpli güýçlenen aladalaryň arasynda, NATO ýaranlygyna goşulmak meselesine ýakyn geldi.

Ikinji jahan urşy döwründe iki tarapyň arasynda bolan iki çaknyşykdan soň, Finlandiýa öz topraklarynyň uly bir bölegini Sowet Soýuzyna bermeli boldy.

Finlandiýanyň hökümeti, parlament bilen maslahatlaşyp, ýurduň Demirgazyk Atlantik bileleşigine girmek meselesinde resmi karara gelendigini habar berdi.

Finlandiýanyň premýer-ministri Sanna Marin bilen prezident Sauli Niinistö bu habary bazar güni Helsinki şäherinde bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda yglan etdi.

"Bu taryhy gün. Täze bir döwür başlanýar" diýip, prezident we premýer-ministr aýtdy.

Bu karar indi parlamentde tassyklanmaly we ses berişligiň ýakyn günlerde bolmagyna garaşylýar.

Şwesiýanyň dolandyryjy Sosial-demokratik zähmet partiýasy hem 15-nji maýda NATO goşulmak meselesine gol ýapýandygyny we 16-njy maýda parlamentden goldaw almakçydygyny yglan etdi.

Has anygy, premýer-ministr Magdalena Anderssonyň ýolbaşçylygynda birleşen topar bazar güni geçirilen ýörite ýygnakdan soň NATO goşulmagyň tarapynda çykyş etdi. Şol bir wagtda, Şwesiýanyň sosial-demokratlary ýadro ýaraglaryny we öz ýurtlarynyň çäginde NATO-nyň hemişelik bazalarynyň bolmagyny islemeýändiklerini aýtdylar.

Bu iki ýurduň goranyş ýaranlygyna goşulmagynyň resmi senesiniň haýdan-haý yglan edilmegine garaşylmaýan hem bolsa, NATO 28-29-njy iýunda Madridde sammit geçirer.

NATO resmileriniň bildirmeklerine görä, resmi arzalar maý aýynyň aýagyna çenli NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň stoluna düşen halatynda, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň goranyş ýaranlygyna goşulmagy baradaky protokollaryna şol senede gol çekilip bilner.

Bu habara jogap hökmünde, Stoltenberg olaryň ýaranlyga goşulmagynyň "rahat we çalt" boljakdygyny aýtdy.

ABŞ Senatynyň respublikan lideri Miç Makkonnell 16-njy maýda Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň awgust aýynda dynç almaga çykmazdan öň Finlýandiýanyň Günbatar harby bileleşigine goşulmagy baradaky arzasyny tassyklamaga synanyşjakdygyny aýtdy.

"Elbetde, biz muny awgustdan öň, adatça Kongresiň işini bes etmezinden ozal edip bileris diýip umyt baglaýryn” diýip, MakKonnell Niinisto bilen duşuşandan soň, Helsinki şäherinde žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

Makkonnell ABŞ-nyň kanun çykaryjylarynyň arasynda Finlandiýa agzalygy meselesinde iki partiýa tarapyndan hem giň goldawyň bardygyny aýtdy.

Şu aralykda, Russiýa 16-njy maýda özüniň iki demirgazyk goňşusynyň “Günbatar bileleşiginiň bir bölegine öwrülmegine” garşy beren duýduryşlaryny gaýtalady.

Finlandiýanyň we Şwesiýanyň NATO-a kabul edilmegi "uly netijeleri boljak uly ýalňyşlyk" bolar diýip, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow aýtdy we bu ýagdaýyň ahyr netijede harby dartgynlygyň ýokarlanmagyna getirjekdigini hem sözüne goşdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 14-nji maýda Niinisto bilen eden telefon söhbetdeşliginde munuň Helsinki tarapyndan edilen "ýalňyşlyk" boljakdygyny öňe sürdi we Russiýanyň Finlandiýa howp salmaýandygyny aýtdy.

Iberiş maglumatlarynyň görkezmegine görä, Russiýanyň Finlandiýa iberýän elektrik energiýasy 16-njy maýda nola çenli azaldy, Russiýanyň “Inter RAO” kommunal kärhanasy geçen hepde tölegiň tölenmändigi sebäpli, energiýa iberilmegini togtatjakdygyny aýtdy.

Finlandiýanyň elektrik operatory Fingrid 14-nji maýda rus energiýasynyň geçişiniň togtadylmagynyň günbatar ýurtlary tarapyndan tölenýän tölegleriň çäklendirilmegi bilen baglydygyny, şeýle-de, rus üpjünçiliginiň Şwesiýanyň energiýasy we içerki önümçiligi ýokarlandyrmak arkaly bes edilip bilinjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG