Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň prezidenti Finlandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygyna garşy çykýar


Rejep Taýyp Erdogan
Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 16-njy maýda Şwesiýanyň we Finlandiýanyň wekiliýetleriniň ony öz ýurtlarynyň NATO goşulmak baradaky arzalaryny goldamaga yrmak üçin Ankara gelmeli däldigini aýtdy diýip, "Roýters" habar gullugy habar berýär.

Erdogan metbugat ýygnagynda çykyş edip, Demirgazyk Atlantik bileleşigine Finlandiýanyň we Şwesiýanyň agza balmagygyna Türkiýäniň “hawa” diýip bilmejekdigini aýtdy.

“Bu iki ýurduň ikisinde hem terrorçylyk guramalary boýunça anyk pozisiýa ýok. Şwesiýa terrorçylyk guramalary üçin inkubasiýa merkezi bolup durýar. Olar terrorçylary parlamente getirýärler, olara münber berýärler, ýörite çakylyk iberýärler"diýip, türk prezidenti aýtdy.

Ankara Şwesiýa bilen Finlandiýa PKK söweşijileri we Fethullah Güleniň yzyna eýerijiler bilen baglanyşykly adamlary gizläp saklaýar diýip hasaplaýar. Fethullah Gülen 2016-njy ýylda Türkiýede döwlet agdarylyşygyny guramak synanyşygynda aýyplandy. Türkiýe bu guramalaryň ikisini-de terrorist hasaplaýar.

Ol ýa-da beýleki ýurduň NATO ýaranlygyna goşulmagy üçin bileleşigiň ähli agzasynyň berlen arzany goldamagy zerur.

XS
SM
MD
LG