Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olar “Talybanyň” zamunymy? Täjigistandan bolan 200-den gowrak ýük ulagy hem olaryň sürüjileri Owganystanda saklandy


Ýük ulaglary
Ýük ulaglary

Owganystan bilen Täjigistanyň serhedinde 200-den gowrak ýük awtoulagy saklandy. "Talyban" barlyşyksyz hereketi (Täjigistanda terrorçy gurama hökmünde gadagan edildi) Täjigistanyň döwlet belgileri bolan ýük awtoulaglarynyň Owganystanyň "Şerhan-Bandar" barlag-gözegçilik nokadyndan geçmegine rugsat bermedi. Duşanbe ýagdaý barada teswir bermeýär. "Talyban" hereketiniň resmi wekili täze owgan häkimiýetlerine Duşanbäniň tutanýerli barlyşyksyz syýasaty sebäpli barlag-gözegçilik nokadynyň ýapylandygyny aýtdy.

Owganystanda galan sürüjileriň biri bolan Dilşodyň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, "Talyban" 8-nji maýdan bäri täjigistanly sürüjileriň öz watanyna dolanmagyna rugsat bermän gelýär. Şondan bir gün öňinçä, Täjigistan aňtaw gullugynyň habaryna görä, Owganystanyň Tahor welaýatynyň Hojagor sektorynda, "Talyban" bilen "Yslam döwleti" güýçleriniň arasyndaky çaknyşyk netijesinde, “oklar tötänleýin ýagdaýda, Täjigistanyň çägine geçipdi".

“Şonda biz howpsuzlyk sebäpli ýoly ýapandyrlar diýip pikir etdik. Emma bu beýle bolmady: “Talyban” bize Täjigistana gaýtmaga rugsat berdi, ýöne ulagsyz. Birnäçe günden soň, takmynan 50 sürüji bolup, biz ýene-de awtoulaglarymyzy almak üçin, Owganystana gitdik. Indi “Talyban” serhetden geçmäge rugsat bermeýär. Bir hepde bäri awtoulaglarda ýatyp-turmaly bolýarys” diýip, Dilşod Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Täjigistandan Owganystana geçilýän “Aşakky Panj” – “Şerhan Bandar” barlag-gözegçilik nokadynyň üsti bilen sement we kömür daşalýar, ol ýük awtoulaglary yzyna gaýdyşyn şeker hem oba hojalyk önümlerini alyp gaýdýarlar. Eýrandan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýük daşaýan sürüjiler hem bu ýoldan peýdalanýarlar.
Duşanbe dymýar. Talyplar öz talabyny aýtdylar.

Täjigistanyň gümrük gullugy Täjigistan-Owganystan serhedindäki “Aşakky Panj” barlag-gözegçilik nokadynyň ýapylýandygyny resmi taýdan yglan etmedi. Ýöne ol edaranyň işgärleriniň biri, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen geçen hepdäniň ahyrynda, barlag nokadynyň “wagtlaýyn ýapylandygyny” tassyklady.

Zabiulla Mujahid
Zabiulla Mujahid

"Talybanyň" metbugat sekretary Zabiulla Mujahid 17-nji maýda, Ozodi radiosyna Täjigistan bilen serhediň ýapylandygyny tassyklady. “Olar nähili eden bolsa, biz hem edil şonuň ýaly etdik: Täjigistan häkimiýetleri owganlara serhetden geçmäge we öz territoriýalaryna girmäge rugsat bermeýär. Tä ylalaşyk gazanylýança, ýurtlarymyzyň arasynda ynam döredilýänçä, “Şerhan Bandar” barlag-gözegçilik nokady ýapyk bolar. Şerhan Bandar etrabynyň ýolbaşçylaryndan, serhediň “gulplanmagyny” talap etdik” diýip, Mujahid aýdýar.

Talyp güýçleri 2021-nji ýylyň awgust aýynda, Owganystanyň häkimiýetini eýeledi. Dokuz aýdan gowrak wagt geçenem bolsa, dünýäde hiç bir ýurt Owganystandaky “Talyban” hökümetini ykrar etmedi. Täjigistan häkimiýetleri Owganystanda ýurduň ilatynyň 46%-ini emele getirýän täjikleri öz içine alýan bilelikdäki hökümetiň döredilmegini talap edip gelýär.

7-nji maýda Täjigistana Owganystanyň çäginden birnäçe top oky ýa-da ok atyldy. Bu wakadan soň Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň Serhet goşunlarynyň bölümleri söweşe doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi.

"Yslam döwleti-Horasan" toparynyň söweşijileri Täjigistanyň çägine atylan raketa hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Ekstremist we terrorist toparlaryň maglumatlaryna we beýannamalaryna gözegçilik edýän we olary ýygnaýan SITE topary raketa hüjüminiň şol topar tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürüp, 7-nji maýda "Yslam döwleti-Horasan" tarapyndan gysga beýanat ýaýratdy, onda raketa hüjüminiň şol topar tarapyndan amala aşyrylandygy tassyklanýar. Şeýle-de bolsa, käbir analitikler bu hüjüm barlyşyksyz demirgazyk goňşusyny öz ýerinde oturtmagy mejbur etmek üçin, “Talybanyň” makullamagy bilen amala aşyrylandyr diýip hasaplaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG