Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa Harkow sebitinde garşylykly hüjüme synanýar


Harkow. 13-nji mav, 2022.

Ukrain harbylarynyň aýtmaklaryna görä, rus güýçleri serhede çenli kowlup çykarylanlarynda ýitiren ýerlerini yzyna almak üçin, Harkowyň töwereginde garşylyklaýyn hüjüme başlady. Şu aralykda, aýdylmagyna görä, Ukrainanyň ikinji uly şäherini ele geçirmegi başarmandyklary üçin, Russiýanyň saýlama tank bölüminiň serkerdeleri wezipelerinden boşadyldy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 19-njy maýda beren habaryna görä, rus güýçleri Welika Komişuwaha obasynda ep-esli ýitgi çekdi we ozal basyp alan ýerlerinden yza çekilmäge mejbur boldy.

Russiýanyň Kursk sebitiniň gubernatory 19-njy maýda Ukrainanyň serhet ýakasyndaky bir oba eden hüjümi netijesinde bir adamyň ölendigini, beýlekileriň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Britan Goranmak ministrligi 19-njy maýdaky gündelik habarynda 1-nji Gwardiýa tank goşunyna serkerdelik eden general-leýtenant Serhiý Kiseliň, Harkowy ele geçirip bilmänligi sebäpli, wezipesinden aýrylandygyny aýtdy.

Britan aňtaw hasabatynda aýdylmagyna görä, Kisel soňky hepdelerde, Ukraina garşy başlanan urşuň irki döwürlerinden bäri eden işleriniň ugursyzlygy sebäpli wezipesinden boşadylan ýokary derejeli rus ofiserleriniň diňe biri bolup durýar.

Wezipesinden boşadylan rus serkerdeleriniň arasynda Russiýanyň Gara deňiz flotuna serkerdelik eden wise-admiral Igor Osipow hem bar diýip, britan aňtaw gullugy habar berdi.

Russiýanyň harby güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow wezipesinde galdyrylýana meňzeýär, ýöne onuň prezident Wladimir Putiniň ynamyny gaýtadan gazanyp biljegi ýa-da däldigi aýdyň däl diýip, aňtaw gullugy ýazýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG