Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň döwlet sylagy bilen sylaglandy


Arhiw suraty.
Arhiw suraty.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň döwlet baýragy – «Tatarystan Respublikasyna eden aýratyn hyzmatlary» ordeni bilen sylaglandy diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri tatar lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň paýtagtyna respublikynyň prezidenti Rustam Minnihanowyň çakylygy bilen, Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, «Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşmaga geldi.

Tatar lideri Tatarystanyň meşhur kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen ýola goýan hyzmatdaşlygyna ünsi çekip, gol çekilen degişli resminamalara laýyklykda, işewür gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini belledi.

Minnihanowyň tassyklamagyna görä, Tatarstan Türkmenistany 1982 “KAMAZ” ýük awtoulagy, “A 145” taslamasynyň çäginde iki sany ýokary tizlikli ýolagçy gämisi we “ANSAT” lukmançylyk dikuçary bilen üpjün etmek baradaky şertnamalary bireýýäm ýerine ýetirdi.

G. Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek isleýändigini aýdyp, muny köp asyrlyk taryhy gatnaşyklar bilen düşündirdi.

G.Berdimuhamamedowyň nobatdaky rus sylagy bilen sylaglanmagy onuň oglunyň, prezident Serdar Berdimuhamedowyň rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan “Dostluk” ordeni bilen sylaglanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

S.Berdimuhamedowyň rus ordeni bilen sylaglanmagy Berdimuhamdowlaryň Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

W.Matwiýenko Türkmenistanda “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglandy.

XS
SM
MD
LG