Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Senaty Ukraina $40 mlrd goşmaça kömek baradaky kanun taslamasyny tassyklady


ABŞ Senaty Ukraina 40 milliard dollar goşmaça kömek baradaky kanun taslamasyny tassyklady diýip, “Amerikanyň sesi” habar berýär.

Bu serişdeler göni Ukrainanyň özüne we goňşy ýurtlaryna harby kömek we ýarag üpjünçiligi üçin iberiler.

Iberiljek milliardlarça dollar ykdysady we ynsanperwer kömege, şeýle-de konflikt sebäpli ýüze çykýan global azyk ýetmezçiligi meselesini çözmäge gönükdiriler diýip, habarda bellenýär.

Senat 13-nji maýda bu resminamany kabul edip bilmedi, sebäbi respublikan Rand Pol onuň kabul edilmeginiň öňüni baglady.

Ol kanun taslamasyna býujetden bölünip berlen serişdeleriň harçlanyşyna gözegçilik edýän federal inspektoryň borçlarynyň hem goşulmagyny talap etdi.

Kongresiň aşaky palatasy bu kanun taslamasyny 10-njy maýda kabul etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Kongresden Ukraina üçin 33 milliard dollar sorady, ýöne kongresmenler teklip edilýän goşmaça kömegiň mukdaryny köpeltmek kararyna geldi.

XS
SM
MD
LG