Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident goşmaça iş orunlaryny döretmegi tabşyrýar


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Serdar Berdimuhamedow 19-njy maýda geçiren hökümet maslahatynda emeldarlaryň hasabatlaryny diňläp, täze bellige alnan hojalyk subýektleriniň sanynyň 492, sebitler boýunça täze döredilen iş orunlarynyň sanynyň 1 müň 662 bolandygyny aýtdy.

Prezident şäherdir obalarda, hatda "çet ilatly ýerlerde-de“ goşmaça iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmek, ...halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak” barada gürrüň etdi, ýöne wise-premýerleriň täze döredilýän iş orunlaray barada beren hasabatlaryndaky sanlar, näme üçindir, açyk aýdylmady.

Mysal üçin, Ahal welaýatynyň täze merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ulanmaga berilmegi bilen, täze iş orunlarynyň dörediljekdigi aýdyldy, emma hiç bir san getirilmedi.

Wise-premýer Ç.Purçekow, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, täze iş orunlarynyň sanynyň artandygyny bellese, wise-premýer Ç.Gylyjow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň goşmaça iş orunlaryny döredendigini aýtdy, emma hiç san bermedi.

Wise-premýer S.Toýlyýew, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew dagy hem täze iş orunlaryny döretmek barada anyk sanlary getirmän gürrüň etdi.

Mejlisde ýurtdaky işsizligiň hakyky derejesi, işsizlik zerarly ulalýan içerki migrasiýa, iş gözläp daşary ýurtlara giden adamlar, täze döredilen we ýakyn geljekde dörediljek iş orunlarynyň bu meseläni näderejede çözüp biljekdigi aýdyňlaşdyrylmady.

Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursyn Gurbannazarowanyň 2021-nji ýyldaky hasabatynda bellenmegine görä, zähmet we durmuş üpjünçiligi edaralary iş gözleýän 31,180 adamyň 15,176-syny, ýarysyna golaýyny işe ýerleşdiripdir.

Adaty işsizlerden başga, Türkmenistanda her ýyl uly baýramçylyklara gabat günäsi geçilýän tussaglaryň hem işsizligi uly mesele bolup durýar. Prezident her günä geçişde ol adamlaryň iş bilen üpjün edilmegini tabşyrýar, emma soň bu tabşyrygyň nähili berjaý edilendigini soramaýar.

XS
SM
MD
LG