Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistan täze uran ýataklaryny özleşdirmäge taýýarlanýar


Uzbekistan - President Shavkat Mirziyoyev in the presentation of projects aimed at increasing the reserves, Tashkent, 19May2022

2022-2026-njy ýyllarda Özbegistanda, geologiki gözlegleriň ýörite maksatnamasynyň çäginde, 8 sany täze uran ýatagy özleşdiriler diýip, prezident Şawkat Mirziýoýew 19-njy maýda, geologiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň tanyşdyrylyş dabarasynda aýtdy.

Prezidentiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, soňky ýyllarda Özbegistanda 27 sany täze ýatak açylyp, durnukly çig mal bazasy döredildi.

Tanyşdyryş dabarasynda emeldarlar seýrek duşýan metallaryň önümçiligini artdyrmak meýilnamalary barada gürrüň berdiler. Prezidentiň tabşyrygy esasynda bu ugurda 182 million dollarlyk 14 taslama döredildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG