Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda türkmen manadynyň bikanun 'söwdagärleri' tutuldy


Türkmen manady
Türkmen manady

Hukuk goraýjy guramalar Daşkentde we Daşkent sebitinde 290,000 türkmen manadyny satmaga synanyşan dört adamy tussag etdi diýip, Gazeta.uz neşiri habar berýär.

Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň we Baş prokuraturanyň ýanyndaky Ykdysady jenaýatlara garşy göreş bölüminiň sebit bölümleri Daşkent sebitinde daşary ýurt walýutasynyň bikanun dolanyşygyny togtatdy diýip, edaranyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Resmi maglumata görä, atlary R.B. we O.A. harplary bilen görkezilen raýatlar ady R. diýlip görkezilen raýat bilen gürleşip, oňa 77,900 türkmen manadyny 6500 ABŞ dollaryna satmaga çalşypdyr.

Şuňa meňzeş bir waka Daşkentiň Çilanzar etrabyndaky supermarketiň gapdalynda hem boldy: Atlary B.A. we A.K. diýlip görkezilen raýatlar ady R. diýlip görkezilen raýata 133 000 dollara we 60 million suma 213,000 manat satan wagtynda tussag edildi.

Bu faktlar boýunça, bikanun walýuta söwdasy aýyplamalary esasynda, jenaýat işleriniň açylandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG