Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan rus maýa goýumlaryny hytaýlylar bilen çalyşmak isleýär


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet ýolbaşçysy Si Jinpin.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet ýolbaşçysy Si Jinpin.

Özbegistan esasy hem iri daşary söwda hyzmatdaşy Russiýanyň Günbatar sanksiýalaryna sezewar bolmagy sebäpli, birnäçe ykdysady meseläni çözmek üçin, Hytaý bilen strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga synanyşýar.

The Diplomat neşiriniň maglumatyna görä, Özbegistan öz öňünde dünýä aragatnaşyk ulaglaryna we söwda ýollaryna birikmegi maksat edip goýýar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Pekinde geçirilen soňky maslahatynda, "Özbegistanyň 2022-2026-njy ýyllar üçin täze ösüş strategiýasy" hödürlendi. Bu strategiýada Özbegistan bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Onda Hytaý ýaly strategiki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek barada aýdylyp, ýöne Russiýa agzalmaýar.

Özbegistanyň Hytaý bilen ykdysady gatnaşyklary esasan infrastruktura taslamalary bilen baglanyşykly. Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy iki ýurt üçinem möhüm rol oýnar. Hytaýyň Lançjou şäherini Daşkent bilen birleşdirjek ýoluň umumy uzynlygy 4380 kilometre barabardyr. Taslama 1990-njy ýyllardan bäri dowam edip gelse-de, häzirki wagtda Gyrgyzystanyň üstünden, Hytaý bilen Özbegistanyň arasynda göni demir ýol ýok. Haçan-da, Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly tamamlansa, ýükler Daşkentden, Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň üsti bilen Hytaýyň Lançjou şäherine ugradylyp bilner.

Ol taslama ýakyn wagta çenli çynlakaý maliýe we administratiw päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup geldi. Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda dowam edýän serhet dawalary ol taslamany doly diýen ýaly togtatdy. Mundan daşary-da, Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda bar bolan demir ýol infrastrukturasy Sowet Soýuzy döwründe gurlupdy. Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan ýolunyň doly güýjünde işlemegi üçin, ol indi döwrebaplaşdyrylmaly. Gyrgyzystanda täze demir ýoluň gurulmaýandygy sebäpli, Hytaý bilen Özbegistanyň aralygyndaky ýükler demir ýol bilen, aralykda galýan Gyrgyzystanda bolsa awtomobil ulaglary arkaly daşalýar.

Aprel aýynda Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlary we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow we Gyrgyzystanyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdiler. Mundan başga-da, Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wladimir Norow Gyrgyzystanyň Özbegistandaky ilçisi bilen duşuşyp, Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasyny çaltlaşdyrmak isleýändigini aýtdy.

Eger taslama üstünlikli bolsa, onda Özbegistan üçin, Günorta Aziýa ýol açylar. Bu ýol “Talybanyň” gözegçiligindäki Owganystandan sowa geçýär. Owganystanda dowam eden durnuksyzlyk Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýany baglanyşdyrmak synanyşyklaryna köpden bäri päsgelçilik döredip gelýär.

Hytaýyň lideri Si Jinpiniň "Bir guşaklyk – bir ýol" başlangyjy Özbegistanyň söwdany we özara gatnaşyklary giňeltmek islegine laýyk gelýär. 2013-nji ýylda "Bir guşaklyk – bir ýol" programmasy işe girizileli bäri Özbegistan Hytaýyň strategiki geosyýasy hyzmatdaşyna öwrüldi. Iki ýurduň umumy serhedi bolmasa-da, Özbegistan "Bir guşaklyk – bir ýol" programmasynda möhüm rol oýnaýar. "Bir guşaklyk – bir ýol" ulgamyndan iki ýol Özbegistanyň üstünden geçýär we günbatarda Gazagystan bilen baglanyşdyrýar ýa-da günortada Gyrgyzystan bilen Hytaýy birikdirýär. Bu iki ugur Daşkende birleşip, Türkmenistandan Eýrana, Günbatar Aziýa we Hindistana geçer. Özbegistanly ýük daşaýjylar bu iki ulgamda, demir ýol hyzmatlaryny ulanyp, Gazagystanyň üstünden, Ýewropada Kawkazy we Türkiýäni birikdirilip biler.

Hytaý kapitalynyň gymmada durýandygy gizlin däl. Hytaý bazarlaryna we maýa goýumlaryna çakdan aşa bil baglamak çynlakaý töwekgelçilikdir. Özbegistan we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri muňa gowy düşünýärler. Infrastruktura we tehniki goldaw taslamalary üçin ýeňillikli karzlaryň, satyn alnan materiallaryň, enjamlaryň, tehnologiýalaryň we hyzmatlaryň azyndan ýarysynyň Hytaýdan bolmagy talap edilýär.

Özbegistan hökümeti öz ykdysady kynçylyklary hem geografiki ýerleşişi sebäpli, Hytaýyň ýeňillikli karzlaryna mätäç bolup durýar. Hytaý karzy Özbegistanda ykdysady işjeňlige we söwdanyň ösdürilmegine ýardam etse-de, ýurduň "Bir guşaklyk – bir ýol" infrastrukturasynyň ösüşini goldamagy sebäpli, Hytaýyň maýa goýumlaryna garaşly bolmak töwekgelçiligi bar. Beýleki bir alada şundan ybarat bolup, ýerli şertler bilen deňeşdirilende, söwda ulgamynda hytaý kompaniýalarynyň artykmaçlygy ýerli kompaniýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny peseldip biler hem-de Özbegistanda, umuman Merkezi Aziýada Hytaý harytlaryna bolan islegi artdyrar.

Özbek hökümetiniň Hytaý bilen ykdysady gatnaşyklary berkitmek ugrundaky edýän täze tagallasy ýurduň geografiki ýerleşiş şerti bilen baglanyşykly tebigy artykmaçlyk berip biler. Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary hem-de Owganystan bilen serhetleşýändigi üçin, Özbegistanyň ähli ugurlar boýunça tranzit baglanyşyklary bar. Deňze çykmaga mümkinçiligi bolmadyk ýurt hökmünde bu serhetaşa ulag baglanyşyklaryna bir taraplaýyn garaşly bolup durýar we onuň nähili işleýändigini oňat bilýär.

Bu tagallalar öz içerki aladalaryna bagly bolýandygy üçin, Russiýanyň Merkezi Aziýadan yza çekilmegi bilen döreýän boşluga gabat gelýär. Häzirki wagtda Russiýanyň Ukrainada uruş alyp barmagy Kremliň indiden beýläk ol sebite goşmaça ykdysady goldaw berip bilmejekdigini aňladýar. Hytaýyň sebite maýa goýumlaryndan başga-da, Russiýanyň geljekde sebit bilen strategiki gatnaşyga nähili derejede gyzyklanjakdygy belli däl.

Russiýa Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Mysal üçin, 2021-nji ýylda Russiýa bilen ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy 7,5 milliard dollar boldy. Hytaý bilen ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy bary-ýogy 7,4 milliard dollardan geçdi. Şeýle-de bolsa, özbek banklary ikinji derejeli sanksiýalaryň töwekgelçiligi barada alada galýarlar. Soňky ýyllarda Özbegistan Gazprombank, VTB, VEB we beýleki sanksiýa girizilen rus banklaryndan uly karz aldy. Ol banklar ýurduň esasy ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmelidi. Russiýa garşy sanksiýalar Özbegistanyň beýle puly ýitirip biljekdigini aňladýar. Bu boşlugy doldurmagyň usullaryndan biri Hytaý bilen işleşmek. Şol wagtyň özünde, Hytaý "Bir guşaklyk – bir ýol" taslamasyny durmuşa geçirmegi dowam etdirýär hem-de sebitdäki öz roluny güýçlendirýär.

Eger Özbegistan sebitde tranzit merkezine öwrülmek islese we ykdysady kuwwatyny artdyrjak bolsa, ol daşary ýurt hemaýatçylaryna garaşlylygy azaltmaly hem-de beýleki ýurtlaryň goýberen ýalňyşlyklaryndan gaça durmak üçin göreşmeli. Mundan başga-da, Daşkendiň oýny akylly alyp barmagy gerek we göze görünmeýän päsgelçilikleri öňünden görmeli diýip, The Diplomat neşirindäki makalada aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG