Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa birnäçe gipersonik raketa synagyny geçirendigini aýdýar


“Zirkon” gipersonik kruiz raketasynyň Ak deňizde Russiýanyň "Admiral Gorşkow" harby gämisinden edilen ozalky synagy

Russiýa Ukrainada alyp barýan söweşi sebäpli halkara izolýasiýasyna sezewar bolmagynyň fonunda 28-nji maýda öz Harby deňiz güýçleriniň birnäçe gipersonik raketanyň synagyny geçirendigini habar berdi.

Goranmak ministrligi Russiýanyň Demirgazyk deňziniň fregaty "Admiral Gorşkowdan" Barents deňzinden, 1000 km uzaklykda ýerleşýän Ak deňzindäki nyşana "Zirkon" kruiz raketasynyň uçurylandygyny aýtdy.

Rus resmileri deňizde ýerleşdirilen "Zirkonyň" raketalara garşy ähli ulgamlardan sypyp biljekdigini öňe sürýärler, ýöne muny tassyklatmak mümkin däl.

Prezident Wladimir Putin açyk deňizdäki rus fregatlaryna, kreýserlerine we beýleki harby-deňiz we suwasty gämilerine ýerleşdirilen şeýle raketalaryň "karar edilen merkezlere" birnäçe minudyň içinde zarba urmaga ukyplydygyny öňe sürdi.

Russiýa, ses tizliginden dokuz esse ýokarydygy çak edilýän gipersonik "Zirkon" raketasynyň ozalky synaglaryny yglan edipdi.

24-nji fewralda rus goşunlary Belarusyň serhedinden geçip, Ukrainanyň içine girip başlandan soň, Ukrainanyň günbatar ýaraglaryna daýanýan professional we meýletinçi söweşijileri Russiýanyň goşunyna berk garşylyk görkezýär.

Geçen aýda rus resmileri ýadro ýaragyny götermäge ukyply kontinentara ballistik raketa "Sarmatyň" synagyny geçirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG