Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Finlandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygyna garşylygyny gaýtalaýar


Rejep Taýyp Erdogan
Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti žurnalistlere Finlandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agza bolmagyny şindi hem bökdemek isleýändigini aýtdy. Rejep Taýyp Erdogan şu hepde fin we şwed wekiliýetleri bilen boljak duşuşyklaryň “garaşylýan derejede bolmandygyny”, Türkiýäniň howpsuzlyk aladalaryny gowşatmak üçin hiç bir çäre görülmändigini aýtdy.

“Taýyp Erdogan Türkiýe Respublikasynyň başynda näçe uzak bolsa, biz terrory goldaýan ýurtlaryň NATO agzalygyna goşulmagyna şonça uzak "hawa" diýip bilmeris” diýip, ol altynjy gün Azerbaýjana sapara barýan wagtynda, uçarda žurnalistlere aýtdy. Bu maglumat "Hurriyet" gazetinde çap edildi.

Kürdüstan Işçiler Partiýasy (PKK) söweşiji topary bilen baglanyşykly adamlara we özüniň terrorist hasaplaýan beýleki adamlaryna hossarlyk edýändikleri, şeýle-de 2019-njy ýylda Ankara ýarag eksportyny bes edendikleri sebäpli, Türkiýe Şwesiýanyň we Finlandiýanyň goranyş ýaranlygyna goşulmagyna garşy çykdy.

Şwesiýa we Finlandiýa terrorçylygy ýazgarýandyklaryny hem-de Ankara bilen tagallalary utgaşdyrmak mümkinçiligini goldaýandyklaryny aýtdylar.

Bu iki ýurduň Russiýanyň Ukraina çozmagy netijesinde gelen taryhy isleginiň amala aşmagy üçin NATO ýurtlarynyň ähli agzasynyň razy bolmagy gerek.

XS
SM
MD
LG