Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýallar Kabulda “Talybanyň” hukuk çäklendirmelerine garşy protest bildirdi


Kabul, 26-njy maý, 2022
Kabul, 26-njy maý, 2022

“Çörek, iş, erkinlik” diýip gygyrýan onlarça aýal 29-njy maýda Owganystanyň paýtagty Kabulyň köçelerine çykyp, “Talybanyň” öz hukuklaryna girizen berk çäklendirmelerine garşy çykyş etdi.

"Talyban" 2021-nji ýylyň awgust aýynda häkimiýete gaýdyp geleli bäri aýallara berlen hukuklary yzyna aldy.

Netijede, Owganystanyň köp böleginde gyzlar altynjy synpdan soň mekdebe gatnamakdan mahrum edildi. Mart aýynda "Talyban" gyzlaryň orta mekdepleriniň gaýtadan açyljak gününde, ir bilen mekdepleriň uly klaslarda okaýan gyzlar üçin ýapylmagyny buýurdy.

AFP habar gullugynyň habarçysynyň maglumatyna görä, häkimiýetler raýat eşigini geýen “Talyban” söweşijilerini getireninden soň, birnäçe ýüz ädime çenli ýöriş eden demonstrantlar ýygnanyşygy bes etdiler.

Onlarça ýyl uruşda bolan ýurtdan halkara goşunlarynyň çekilmegi netijesinde häkimiýet başyna geçen “Talyban, 1990-njy ýyllaryň rehimsiz režiminden tapawutlylykda, aýal-gyzlaryň dört diwara gabalyp, köpçülikde daşlap öldürmek ýaly jezalara sezewar edilmezligini borç edindi.

XS
SM
MD
LG