Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maý aýynda azyndan üç türkmenistanly daşary ýurtlarda heläk boldy


Arhiw suraty
Arhiw suraty

30-njy maý güni irden Türkmenistanyň raýaty, 22 ýaşly student Geldimyrat Ýagmyrow Galmygystanda bolan ýol-köçe hadysasynda heläk boldy diýip, “Turkmen.news” neşiri ýerli metbugata salgylanyp habar berýär.

Habarda ýene üç adamyň ýaralanandygy, olaryň ikisiniň huşsuzdygy aýdylýar. Olaryň ählisi Galmygystanyň döwlet uniwersitetinde okaýan eken.

Neşir bir aýyň içinde türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda azyndan üçüsiniň pajygaly ýagdaýda aradan çykandygyny aýdýar.

5-nji maýda Leningrad sebitiniň Tihwin şäher häkimliginiň resmi web sahypasynda rus goşunynyň leýtenanty Batyr Ilmradowyň Donbasda ölendigi habar berildi. Batyr soňky ýyllarda Tihwinde ýaşap, şol ýerden hem goşun gullugyna gitdi, ol 1997-nji ýylda Aşgabatda doguldy diýip, habarda bellenýär.

Şu aralykda Hytaýda okaýan türkmenistanly student, 1997-nji ýylda doglan Akmuhammet Berdiýew hem pyçak ýarasyndan jan berdi. Ol Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde doglan diýip, “Turkmen.news” habar berýär.

XS
SM
MD
LG