Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Luwrda bir adam Mona Lizanyň gorag aýnasyna tort çyrşady


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Bazar güni bir adam Parižde maýyp arabasynda we gartaşan aýalyň eşiginde Luwra gelip, Leonardo da Winçiniň “Mona Liza” ady bilen dünýä belli bolan suratynyň gorag aýnasyna tort çyrşady.

Şaýatlaryň sözlerine görä, ol adam birden böküp turup, ok geçirmeýän aýnany döwmäge synanyşdy. Soň ol aýnanyň ýüzüne tort çyrşady, gül baldaklaryny we ýapraklaryny sepdi, gygyryp, hudožnikleriň ýok bolmak howpy abanýan dünýäniň gelejegi barda oýlanmalygyny aýtdy.

Ol şobada howpsuzlyk işgärleri tarapyndan tussag edildi.

Surata we onuň aýna goragyna hiç hili zeper ýetmedi. Luwryň ýolbaşçylary we hukuk goraýjy guramalar şaýatlaryň sosial ulgamlarda paýlaşan wakasyna häzire çenli hiç bir düşündiriş bermedi.

"Mona Lisa" bu hili hüjüme birnäçe gezek duçar boldy. 1956-njy ýylda Luwra gelenleriň biri surata kislota sepdi. Şol ýyl oňa daş zyňyp, reňk gatlagyna zeper ýetiren hem tapyldy. Şondan soň da Winçiniň bu işiniň öňi ok geçirmeýän aýna bilen ýapyldy.

XS
SM
MD
LG