Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen Saud Arabystanyna bardy


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji iýunda Saud Arabystanynyň Jedda şäherine geldi diýip, Saud Arabystanynyň döwlet eýeçiligindäki habar agentligi, SPA twitterde habar berdi.

Bu onuň 12-nji martda prezident saýlanaly bäri daşary ýurda eden ilkinji sapary bolýar.

Türkmenistanyň prezidenti Abdulaziz patyşanyň adyny göterýän halkara howa menzilinde iki mukaddes metjidiň halypasynyň geňeşçisi we Makge sebitiniň gubernatory, Şazada Halid Al-Faýsal tarapyndan garşy alyndy.

Şeýle-de, ýokary derejeli myhmany garşy almaga Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçisi Saed bin Siwayed Alghamdi, beýleki birnäçe ýokary wezipeli adam gatnaşdy diýip, habarda bellenýär.

TDH hem şol gün S. Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapara barandygyny, onuň bilen bu ýere ýurduň welaýatlaryndan gelen ýaşulularyň we eneleriň hem gelendigini habar berdi.

Ýöne, arap mediasynda çap edilen suratlarda Kerimgulynyň hem kakasynyň ýanynda durandygy görünse-de, türkmen mediasy prezidentiň oglunyň umra hajy däp-dessuryny berjaý etmäge gidendigi aýdylmady.

XS
SM
MD
LG