Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruslar Sewerodonetskini almaga ýakynlady, Angliýa we Germaniýa ABŞ-a goşulyp, Ukraina ýarag iberjegini aýdýar 


HIMARLAR
HIMARLAR

Rus goşunlary 2-nji iýunda, ukrain goragçylary bilen bolan gazaply söweşleriň yzysüre, gündogardaky esasy şäheri, Sewerodonetskini doly ele geçirmäge ýakyn geldi, Waşington bu konfliktiň ýene birnäçe aý dowam edip biljekdigini duýdurýar.

Şu aralykda Angliýa Birleşen Ştatlara we Germaniýa goşulyp, Russiýadan goranyp bilmegi üçin, Ukraina iň döwrebap ýarag ulgamlaryny iberjekdigini yglan etdi.

Gündogar Ukrainadaky hüjüminde Moskwanyň esasy nyşanasyna öwrülen Sewerodonetskiň sebit ýolbaşçysy, harby dolandyryş başlygy Serhiý Haýdaý şäheriň 80 göteriminiň häzir Russiýanyň gözegçiligine geçendigini aýtdy.

"Köçe söweşleri dowam edýär" diýip, Haýdaý Telegramda ukrain güýçleriniň Sewerodonetsk üçin soňuna çenli durup söweşjekdigini aýtdy.

Haýdaý Sewerodonetskdäki himiýa zawodynyň aşagynda gizlenýän parahat adamlaryň bu ýere rus toplaryndan gaçyp gelendigini duýdurdy we häkimiýetleriň bu ýerde şindi hem howply materiallaryň saklanyp galan bolmagyndan howatyr edýändiklerini aýtdy.

Angliýanyň Goranmak ministrligi 2-nji iýunda çap eden gündelik habarynda Russiýanyň Sewerodonetskiň aglaba bölegini ele geçirendigini tassyklady.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 1-nji iýunda 80 kilometre çenli uzaklykdaky nyşanalara zarba urup bilýän ýokary çeýelikli artilleriýa raketa ulgamlarynyň (HIMARS) Ukraina berilýän täze 700 million dollarlyk ýarag bukjasyna goşulandygyny resmi taýdan tassyk etdi.

ABŞ-nyň Kiýewe döwrebap ýaraglary ibermek barada gelen karary Germaniýa we Angliýa tarapyndan hem derhal goldaw tapdy, olar hem Ukraina has kämil ýaraglary iberjekdiklerini yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG