Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prokurory Russiýa zor bilen çaga äkitmegiň genosid bolup biljekdigini aýdýar


 Irina Wenediktowa
 Irina Wenediktowa

Ukrainada gozgalan uruş jenaýatlaryna gözegçilik edýän baş prokuror Irina Wenediktowa, çagalaryň Russiýa zor bilen deportasiýa edilmegi boýunça geçirilýän derňewleriň çäginde, Moskwa garşy genosid aýyplamasynyň bildirilip bilinjekdigini aýtdy.

Wenediktowanyň "Roýters" habar gullugy tarapyndan 3-nji iýunda çap edilen interwýusynda aýtmagyna görä, 24-nji fewralda başlanan uruşdan bäri Ukrainada "adamlaryň başga bir ýurda zor bilen iberilmegi" bilen bagly 20-den gowrak jenaýat işi açyldy.

Çagalaryň alnyp gidilmegine üns bermek genosidiň berk kanuny kesgitlemesine laýyk gelýän subutnamalary jemlemegiň iň gowy usuly bolup durýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Biz urşuň ilkinji günlerinden başlap şu genosid işini derňemäge başladyk" diýip, prokuror aýtdy.

"Şu sebäpden, çagalaryň zor bilen geçirilmegi biz üçin gaty möhüm bolup durýar" diýip, ol sözüni dowam etdirdi.

1948-nji ýyldaky Genosid konwensiýasyna laýyklykda, adamlary zor bilen köpçülikleýin deportasiýa etmek, hususan-da konflikt wagtynda çagalary zor bilen geçirmek uruş jenaýaty hökmünde kesgitlenildi.

Wenediktowa Ukrainadan Russiýa zor bilen iberilendir öýdülýän çagalaryň sany barada hiç zat aýtmady, ýöne Ukrainanyň ombudsmeni Lýudmyla Denisowa maý aýynda Russiýanyň konflikt wagtynda 210,000-den gowrak çagany başga ýere göçürendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG