Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Irlandiýa Russiýanyň Ukraina çozmagyny 'genosid' diýip ykrar eden bäşinji ýurt boldy


Ukrain prezident Wolodymyr Zelenski irland kanun çykaryjylaryna ýüzlenýär. 6-njy aprel, 2022.
Ukrain prezident Wolodymyr Zelenski irland kanun çykaryjylaryna ýüzlenýär. 6-njy aprel, 2022.

Irlandiýanyň Senaty Russiýanyň Ukraina çozmagynyň "genosid" diýip kesgitlenmegi baradaky karary kabul etdi diýip, irland parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy Mark Deýli Twitterde habar berdi.

Kabul edilen kararda Russiýanyň Ukraina hiç bir sebäpsiz çozandygy we halkara hukugyny bozandygy aýdylýar.

"Rus goşunynyň hereketleri BMG genosid jenaýatynyň öňüni almak we ony jezalandyrmak baradaky konwensiýasynyň ýörelgelerine laýyk gelýär" diýip, kararda bellenilýär.

Şeýle-de Senat dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenip, olary Russiýa garşy sanksiýalary güýçlendirmäge we Russiýadan nebit, gaz we kömür satyn almagy azaltmak tagallalaryny dowam etdirmäge çagyrdy.

Mundan öň Kanada, Latwiýa, Estoniýa, Litwa we Çehiýa ýaly ýurtlaryň parlamentleri Russiýanyň Ukraina çozmagyny "genosid" diýip ykrar etdiler.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden aprel aýynyň ortalarynda Putiniň Ukrainadaky syýasatyny "genosid" diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG