Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrowyň Serbiýa sapary ýatyryldy, Balkan döwletleri onuň uçaryny geçirmediler


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Serbiýa planlaşdyrylan saparyny ýatyrmaly boldy. Mundan öň, Balkan sebitindäki Serbiýanyň goňşulary, Moskwanyň Ukraina garşy alyp barýan essasyz urşy sebäpli, rus ministriniň uçary üçin öz howa giňişligini açmakdan ýüz öwürdiler.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu barada mälim edip, anyk haýsy ýurtlaryň öz howa giňişligini ýapandygyny aýdyňlaşdyrmady.

Emma Interfaks habar gullugunyň Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli bir resmisine salgylanyp beren maglumatyna görä, bu ýagdaýlara Bolgariýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň we Çernogoriýanyň ilteşigi bar. Bu döwletleriň ählisi NATO howpsuzlyk ýaranlygynyň agzalarydyr.

Lawrow Serbiýada ýokary derejeli resmiler, şol sanda prezident Aleksandr Wuçiç we serb patriarhy Porfiriýe bilen hem gepleşikleri geçirmelidi.

Saparyň gün tertibindäki esasy meseleleriň biri bu Russiýanyň Serbiýa iberýän energiýa serişdeleri bolmalydy. Iki döwlet golaýda tebigy gaz üpjünçiligi boýunça üç ýyllyk şertnama baglaşdylar.

Moskwa rus energiýa serişdelerine rublda töleg etmekden ýüz öwürýän käbir Ýewropa ýurtlaryna gaz akdyrmagyny togtadypdy.

XS
SM
MD
LG