Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti 10-njy iýunda Moskwada Putin bilen duşuşar


Prezident Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy iýunda Moskwada prezident Wladimir Putin bilen duşuşar. Bu barada 9-njy iýunda Kreml habar berdi.

Maglumata görä, bu Serdar Berdimuhamedowyň ýurt baştutany hökmünde daşary ýurda amala aşyrjak ilkinji sapary bolar.

Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen irki prezidentlik saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň sesleriň 72,97%-ini alyp ýeňiji bolandygy yglan edilipdi. Türkmenistanyň 30 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda geçirilen saýlawlaryň hiç biri abraýly hukuk toparlary we Günbatar tarapyndan hiç haçan “erkin we adalatly” geçendigi ykrar edilmändi.

Mundan öň, 8-nji aprelde Putin Serdar Berdimuhamedow bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan esassyz urşunyň arasynda, Putin Serdar Berdimuhamedowy Moskwa sapara çagyrypdy, türkmen lideri hem çakylygy kabul edipdi.

Resmi Aşgabat rus basybalyjy güýçleriniň Ukrainadaky alyp barýan urşy barada häzire çenli hiç hili beýanat bilen çykyş etmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG