Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, gündogarda gazaply söweşler dowam edýärkä, agyr ýaraglaryň çalt iberilmegine çagyrýar


UKRAINE – Ukrainian President Volodymyr Zelensky. Kyiv. June 10, 2022

Ukraina, rus güýçleri ýurduň gündogaryny oka tutýan mahaly, günbatar ýurtlaryndan ýaraglaryň has çalt iberilmegini haýyş etdi.

Ukrain goşunlary - "hyzmatdaşlarymyzdan soran we soramagy dowam etdirýän zatlarymyzyň ählisi - agyr ýaraglary, häzirki zaman artilleriýasy bar boldugyndan, mümkin boldugyça hüjümi duruzmak üçin ähli zady edýärler" diýip, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Zelenskiý "gaty kyn söweşleriň", şol sanda Moskwanyň harby güýjüni gönükdiren gündogar Donbas sebitinde-de urşuň dowam edýändigini aýtdy.

Ukrain prezidenti Russiýanyň Donbasdaky ähli şäherleri ýok etmek isleýändigini hem belledi.

Iň gazaply söweş gündogar senagat şäheri Sewerodonetskiň töwereginde, Russiýanyň gündogar Ukrainada öňe gidişliginiň merkezine öwrülen kiçijik şäherde dowam edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG