Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stoltenberg: Türkiýäniň Şwesiýanyň we Finlandiýanyň NATO arzalaryna aladalary “kanuny”


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg

NATO-nyň başlygy Ýens Stoltenberg Türkiýäniň Şwesiýanyň we Finlandiýanyň ýaranlyga agza bolmak arzalaryna howpsuzlyk wehimleri sebäpli garşy çykmagyna “kanuny” esaslaryň bardygyny aýtdy we, anyk möhletleri getirmezden, Ankara bilen bu ugurda gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini belledi.

“Bular kanuny aladalar. Bu terrorizm bilen ilteşikli. Bu ýaraglaryň eksporty bilen bagly” diýip, Stoltenberg Finlandiýanyň prezidenti Sauli Niinisto bilen geçiren metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy.

Russiýanyň sebitdäki, hususanda Ukraina garşy agressiýasynyň netijesinde, onlarça ýyl goşulmazlyk syýasatyny alyp baran skandinawiýanyň iki ýurdy özüniň bu babatdaky tutumyny üýtgetdi.

Emma Türkiýe muňa garşy çykdy. Ankara bu iki ýurdy özüniň terrorist hasaplaýan toparlaryny, şol sanda Kürdüstanyň Işçiler Partiýasyny (PKK) goldamakda aýyplaýar. PKK uzak wagtdan bäri türk hökümetine garşy göreşip gelýär.

XS
SM
MD
LG