Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sinjiangda gazaklaryň üstünden zulum etmek: täze ummasyz köp subutnamalar. Ony barlaýjy bilen söhbetdeşlik


Suratda – “gaýtadan terbiýeleniş lageriniň" tussaglaryndan biri. Hytaýyň polisiýa kompýuterlerinden alnan faýllary derňemegiň çäginde, Kommunizmiň pidalarynyň ýadygärligi gaznasy tarapyndan ýaýradylan surat.
Suratda – “gaýtadan terbiýeleniş lageriniň" tussaglaryndan biri. Hytaýyň polisiýa kompýuterlerinden alnan faýllary derňemegiň çäginde, Kommunizmiň pidalarynyň ýadygärligi gaznasy tarapyndan ýaýradylan surat.

ABŞ-daky barlaglar merkezi Hytaý polisiýasynyň içerki kompýuter torlaryna aralaşmaga mümkinçilik tapandan soň, ýakynda "Sinjiang polisiýa faýllary" atly hasabaty çap etdi. Onda uýgurlara we gazaklara garşy zorlugyň on müňlerçe suraty we wideo subutnamasy bar. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy Sinjiang polisiýasynyň kompýuterlerinden alnan faýllary seljerýän Kommunizmiň pidalarynyň ýadygärligi gaznasyndan, hytaý barlaglarynyň müdiri, alym Adrian Zens bilen söhbetdeş boldy. Zens ýapyk edaralaryň tussaglary barada alnan maglumatlar dogrusynda gürrüň berdi, Hytaýyň lideri Si Szinpiniň ýerli halklary yzarlamakda nähili rol oýnaýandygyny we Gazagystanyň näme üçin Sinjiang gazaklaryny goramak meselesinden gaça durýandygyny düşündirdi.

BIR KAMERADAN DÜŞÜRILEN SURATLAR

Azatlyk: Sinjiang welaýatynyň polisiýa kompýuterlerinden alnan maglumatlarda, "gaýtadan terbiýeleniş lagerlerine" degişli ummasyz köp sanly faktlar, şol sanda ýapyk edaralara salnan adamlaryň bäş müň suraty bar. Olardan 2884 adam azatlykdan mejbury mahrum edilen. Maglumatlaryň toplumyny nädip analiz etdiňiz we barladyňyz? Adamlaryň şahsyýetini anyklamak kyn boldumy?

Adrian Zens
Adrian Zens

Adrian Zens: Täze maglumat öň neşir edilen resminamalar bilen deňeşdirildi, onuň dili we ulanylan adalgalar deňeşdirildi. Biz alty sany ýokary derejeli görkezmäni orta we has aşaky derejeli görkezmeler bilen deňeşdirdik, materiallaryň içerki yzygiderliligini analiz etdik, ýerli howpsuzlyk görkezmelerini we has ýokary derejeli syýasy dokumentleri we resmileriň çykyşlaryny gözden geçirdik. Mundan başga-da, desgalaryň ýerleşiş we gurluş aýratynlygyna laýyk käbir suratlara esaslanyp, obýektleriň ýerleşişini kesgitledik. Bu bize birnäçe desgalary we ýerli howpsuzlyk görkezmelerini takyk tapmaga, şeýle hem elýeterli suratlar bilen deňeşdirenimizde, enjamlaryň we ýaraglaryň beýanyny almaga mümkinçilik berdi. Şondan soň, bu materiallaryň ählisini bu edaralarda saklanýan we içinden nähili görünýändiklerini bilýän şaýatlaryň köp sanly hasabaty bilen deňeşdirdik.

Elbetde, adamlaryň suratlarynyň gapdalynda galan metamaglumaty, kameranyň tapgyrlaýyn belgi sanlaryny öwrendik, şoňa görä belli bir obýektiň içinde, haýsy suratlaryň düşürilendigine anyk düşünmek mümkin boldy. Mysal üçin, şol bir obýektden şol bir kamera arkaly surata düşürilen suratlaryň san belgileri bar. Mundan başga-da, adamlaryň suratlaryndan alnan şahsyýet belgilerini analiz etdik. Beýleki çeşmelerden hem şeýle sanlaryň köpüsini tapdyk hem onuň dogrudygyny tassyklamagy başardyk.

Azatlyk: Bu materiallar haýsy sebäplere görä üýtgeşik saýylýar? Öňki neşir edilen resminamalardan nähili tapawutlanýar? Bu faýllar "gaýtadan terbiýeleniş lagerleriniň" nämedigine düşünmäge nähili kömek edýär?

Adrian Zens: Tapawut şunda diýip pikir edýän; bu gezek maglumat içerden kimdir biri tarapyndan berilmedi, eýsem ol syzmak arkaly, daşardan hakerleriň hüjümi netijesinde ýüze çykdy. Şoňa görä biz doly we jikme-jik materiallary aldyk. Olar hakykatdanam ýokary derejede täze subutnamalary aýan edýär. Ol maglumatlar merkezi hökümetiň ýolbaşçylarynyň bu işlere gönüden-göni gatnaşmagynyň we sebitdäki ýöredilen syýasaty goldandygynyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, biz tussag edilenleriň aýratyn tejribe desgalary üçin, howpsuzlyk görkezmelerine girip bildik, bu örän möhümdir. Netijede, howpsuzlyk türgenleşikleriniň suratlary we tussag edilenleriň suratlary elimizde bar. Biz ilkinji gezek ol ýerde pida bolanlaryň käbiriniň ýüz keşbini, şeýle hem “lagerlerde” tussaglaryň saklanyş şertlerini görüp bildik. Bu täze materiallaryň iň möhüm taraplaryndan biridir

Sinjiangdaky "gaýtadan terbiýeleniş lagerinden" ýene bir surat. Ol Hytaý polisiýasynyň kompýuter torundan syzyp çykan müňlerçe suratdan we resmi dokumentlerden biri.
Sinjiangdaky "gaýtadan terbiýeleniş lagerinden" ýene bir surat. Ol Hytaý polisiýasynyň kompýuter torundan syzyp çykan müňlerçe suratdan we resmi dokumentlerden biri.

Azatlyk: Faýllar Könaşeher we Tekes etraplaryndaky polisiýa kompýuterlerinden alnypdyr. Etnik gazaklar we olaryň suratlary barada materiallar barmy?

Adrian Zens: Könaşeher okrugyndan alnan suratlarda görkezilen adamlaryň hemmesi uýgurlar. Biz şeýle hem, esasan gazak ilatynyň köplükde ýaşaýan ýeri Tekesden materiallar aldyk. Ýöne Tekesden tussag edilenleriň suratlary bizde ýok. Diňe polisiýanyň türgenleşik okuwynyň suratlary bar. Biz şol türgenleşik mahalynda, gazaklaryň köp bolandygyny çaklap bileris.

Azatlyk: Maglumatlary derňäp öwrenmek işine näçe adam gatnaşdy? Materiallary barlamak näçe wagta çekdi?

Adrian Zens: Köplenç ýagdaýda, men özbaşdak işledim, iki sany kömekçim bardy. Soňra biz bu işe 14 töweregi köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekip bildik. Olaryň käbiri derňewçileriň uly toparyny teklip etdiler. Şeýlelikde, BBC we iki nemes metbugaty: Der Spiegel gazeti we Bawariýa radiosy biziň bilen işledi. Bütin iş takmynan bäş aý dowam etdi.

YZARLAMAK KAMPANIÝASYNA SI SZINPIN «GÖS-GÖNI GOŞULYPDYR»

Azatlyk: 2017-nji ýylda Sinjiangda ýerli ilatynyň yzarlanýandygy we olary "gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerine" iberilýändigi barada, köp habar ýaýrap başlady. Ýöne indi biz beýle ýagdaýlar barada, az maglumat alýarys. Munuň özi Günbatardan Hytaýa edilýän basyşdan soň, ýerli ilata edilýän basyşyň ýeňilleşýändigini görkezýärmi?

Adrian Zens: “Sinjiang polisiýa faýllarynyň” iň täze görnüşi 2018-nji ýylyň ahyryna degişlidir. Gynansagam, soňky has täze maglumatlar ýok. Ýöne şeýle täsiriniň bardygyny ýa-da ýokdugyny aýtmakdan, entek ir.

Azatlyk: Sinjiangdaky häzirki ýagdaý barada, size nämeler mälim?

Adrian Zens: Möhüm resminamalaryň biri jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri Çžao Kezçžiniň çykyşy bolup durýar, ol çykyşyň teksti meniň beýleki bir işim bolan “Hytaý dokumentleri” kitabymda berilýär. Ol ýerde 2017-nji ýyldan, 2021-nji ýyla çenli döwür üçin, bäş ýyllyk meýilnama hakda gürrüň gidýär. Şeýlelikde, biziň görşümiz ýaly, 2021-nji ýylyň ahyrynda partiýanyň sekretary Çen Zýanguonyň ýerine Hytaýyň gündogaryndaky tehnokrat ýolbaşçy Ma Sinžuý geldi. Bu sebitdäki bäş ýyllyk meýilnamanyň tamamlanandygyny aňladýar, şeýle hem köpçülige mälim materiallardan çen tutulsa, köpçülikleýin tussag etmeleriň gutarandygyny aýdyp bolar.

Hytaý polisiýa gullugynyň kompýuterlerinden, barlagçylar tarapyndan alnan "gaýtadan terbiýeleniş lagerlerindäki" bendileriň suratlary
Hytaý polisiýa gullugynyň kompýuterlerinden, barlagçylar tarapyndan alnan "gaýtadan terbiýeleniş lagerlerindäki" bendileriň suratlary

Indi bolsa olaryň özleriçe kadalaşdyrmak we ugrukdyryjy toparlara geçmek işleri başlanýar, bu ykdysady ösüşe gönükdirilen uzak möhletleýin strategiýanyň başlangyjy. Şeýlelikde, birnäçe adam "gaýtadan terbiýeleniş lagerlerinden" zähmet lagerlerine geçirildi, mejbury işe iberildi, beýlekileri bolsa uzak möhletli türme tussaglygyna ýa-da berk howpsuzlyk edaralaryna ýerleşdirildi.

2020-nji ýylda, aýratyn-da, 2021-nji ýylda habar beriş serişdeleri polisiýa işgärleriniň öňküsinden görnetin azdygyny, ýöne polisiýa geýimini geýýän işgärleriň has köpdügini ýazdylar. Faýllardan mälim bolşuna görä, häzirki wakalar birnäçe ýyl ozal göz öňünde tutulypdyr. Ol aýratyn meýilnama bolup, ony hem ýerine ýetiripdirler. Şeýlelik bilen bu materiallar bolup geçýän zatlaryň öňünden düzülen shema laýyklykda bolandygyny tassyklaýar.

Azatlyk: Synçylar birnäçe ýyl bäri Hytaýyň ýolbaşçylary Si Szinpiniň ýa-da merkezi hökümetiň bu geçirilen çärelerdäki roluna düşünmän geldiler. “Sinjiang polisiýa faýllary” Si Szinpiniň roly we şol çärelere gatnaşygy barada näme diýýär?

Adrian Zens: Ozal köpçülige mälim edilen resminamalarda Si Szinpiniň gatnaşygyny görkezýän käbir gytaklaýyn subutnamalar bardy, 2014-nji ýylda ol üýtgeşmeleri umuman goldaýandygyny aýdypdy. Soň bolsa "gaýtadan terbiýeleýiş" operasiýasynyň çäginde gönüden-göni ulanylan sözleri aýtdy. Indi bolsa bizde garawullaryň sanyny artdyrmagy buýrandygyny, edaralaryň tussaglardan doludygy sebäpli, köp maliýe serişdeleriniň zerurdygyny bilip, täze "lagerleri" gurmagy, öňden bar bolanlaryny giňeltmegi buýrandygy baradaky subutnamalar peýda boldy. Bolup geçýän ýagdaý barada oňa gös-göni informasiýa berlendigi, onuň bolsa zerur çeşmeleri şol işe gönükdirendigi aýdyň. Geçirilen çärelerde onuň diňe bir şahsy jogapkärçilik çekmegi däl, eýsem bu operasiýa hut özüniň gatnaşýandygy belli bolýar.

GAZAGYSTAN «HYTAÝA BERK GARAŞLY», OLARA «AŇSAT DÄL»

Azatlyk: Hasabat çap edilenden soň, käbir Günbatar ýurtlary Sinjiangdaky sütemlere eýýäm reaksiýa bildirdiler we ony ýazgardylar. Türkiýe tarapyndan hem ol ýazgaryldy. Muňa näme üçin Gazagystan, Gyrgyzystan we beýleki türki dilli ýurtlar reaksiýa bildirmediler?

Adrian Zens: Olar özlerini ýakymsyz ýagdaýdan daşrakda saklajak bolýarlar diýip pikir edýärin, olar adam hukuklaryna az üns berýärler we öz syýasy bähbitlerine has köp ähmiýet berýärler. Gynansak-da, olar öz raýatlarynyň hukuklaryny-da goramaga howlukmaýarlar. Gazagystanyň hökümeti hatda Sinjiangda yzarlanmalara şaýat bolan adamlaryň çykyş etmegine-de rugsat bermeýär, üstesine zuluma duçar edilenleri goldaýan guramalary ýapýar. Mundan başga-da, häkimiýetler bu mowzukda köpçüligiň öňünde çykyş etmegi duruzmaga çalyşýarlar. Çap edilen habarlaryň şaýatlyk etmegine görä, Täjigistanda we Gyrgyzystanda käbir uýgurlar yzyna – Sinjianga ekstradisiýa edildi. Bu ýurtlar wagtyň geçmegi bilen-de ol ýerdäki ýagdaý barada aýtmazlar, hatda şu täze subutnamalary görseler-de.

Sinjiangdaky "gaýtadan terbiýeleniş lagerlerinden" biri. Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky welaýatdan bolan ýerli ilat zor bilen ýapyk edaralara ýerleşdirildi.
Sinjiangdaky "gaýtadan terbiýeleniş lagerlerinden" biri. Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky welaýatdan bolan ýerli ilat zor bilen ýapyk edaralara ýerleşdirildi.

Azatlyk: Halkara jemgyýetçiliginiň haýsy çäreleri görmegi möhüm?

Adrian Zens: Häzir sanksiýalar zerur diýip, men pikir edýärin. Ilki bilen bu hakda has güýçlüräk aýtmak gerek, has aýgytly çäreleri öňe sürmeli. Şoňa laýyklykda-da hereket etmeli. “Magnitskiniň işi” boýunça geçirilen usuldaky şahsy sanksiýalar ýerlikli bolar diýip pikir edýärin. Mysal üçin, Ýewropa Bileleşigi şindi Çen Zýanguo garşy sanksiýalar girizmeli. Mundan başga-da, Çžao Kezçži ýaly merkezi hökümet işgärlerine garşy sanksiýalar zerur. Si Szinpiniň özüne sanksiýalar girizmek kyn bolar, ýöne käbir çäreleri görmek möhüm. Diplomatik derejede hem netijeler amala aşyryp bolardy. Mejbury zähmetiň garşysyna has berk syýasat çäresi zerurdyr. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda mejbury zähmetiň öňüni almak üçin kanun bar, şuňa meňzeş kanunlar Ýewropa Bileleşiginde we beýleki ýurtlarda kabul edilmeli.

Azatlyk: Türk dünýäsi näme etmeli? Hususan-da, Gyrgyzystan we Gazagystan ýaly ýurtlaryň hyzmaty nämede?

Adrian Zens: Bu ýurtlar Hytaýa gaty berk garaşly bolup durýarlar, bu bolsa möhüm mesele. Olaryň islendik çykyşy gopgun döreder hem köp kynçylygyň ýüze çykmagyna sebäp bolar. Bu ýagdaýda Gazagystan üçin aňsat däldigi äşgärdir. Ilkibaşda bu döwlet olara çydamlylyk görkezdi hem garaşmak usulyny saýlap aldy. Ýöne belli bir döwürde hytaýlylar [Gazagystanyň häkimiýetlerinden] şaýatlaryň görkezmeleriniň ýaýramagynyň bes edilmegini gönüden-göni talap etdiler, sebäbi ýokary derejeli täsirli çykyşlaryň köpüsi Gazagystanda edildi. Hytaýlylar hakykatdanam olary duruzmagyň ýoluny tapdylar we Gazagystanyň häzirki hökümeti öz güýjüni saklamak ugrunda gyzyklanyp, adam hukuklary meselesini ýatdan çykardylar. Şonuň üçinem "Sinjiang polisiýa faýllary" ýaly içerki resminamalar gaty möhümdir. Mundan başga-da, faýllaryň kömegi bilen pidalaryň "lagerlerde" bolup geçen wakalar baradaky görkezmelerini tassyklamak mümkin boldy, sebäbi ol faktlar suratlar bilen tassyklanýar. Indi biz bu materialy hytaý polisiýa kompýuterlerinden başlap, dünýä görkezip bileris. Olar şeýle güýçli faktorlara öwrüldi diýip pikir edýärin. Bizde diňe şu suratlar ýetmezçilik edipdi, sebäbi olar dilden aýdylýan sözlerden has täsirli.

Azatlyk: Bu materiallarda polisiýa türgenleşiklerini geçirmek, gaçmagyň öňüni almak we hatda atmak barada buýruklar bar. Bular nämä şaýatlyk edýär? Diýmek, bu hytaý häkimiýetleriniň ähli etnik toparlara howp salýandygyny aňladýarmy? Bu syýasy paranoýýa – ruhy tutgaýmy?

Adrian Zens: Hawa, meniň pikirimçe, [Hytaýyň] ýolbaşçylary paranoid bolup başladylar, öz wagyz-ündewlerine ynanýarlar, olaryň düşünjesiçe howp abanýandygy aýdylýar. Alymlar bu hadysany köpçülikleýin ýowuzlyk üçin, umumy sebäp bolup görünýän syýasy paranoýýa diýip atlandyrýarlar. Şeýlelik bilen tutuş bir etnik toparlaryň öňüni alyş tejribesi we olaryň howp hökmünde görkezilmegi syýasy paranoýýanyň alamatlaryndan biridir. Bu paranoýýa Sinjiang ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda we sözlerinde aýdyň görünýär. Beýle hadysa gaty howpludyr. Mysal üçin, faýllaryň birinde resmileriň biriniň ygtybarsyz adamlaryň ygtybarly ýerde gabalyp goýulmalydygyny aýdýan beýany bar. Syýasy paranoýýa köpçülikleýin çäre geçirmek kampaniýasynyň döremeginiň esasy sebäplerinden biri diýip, men pikir edýärin.

Azatlyk: Soňky aýlarda Hytaý etniki gazaklaryň Gazagystana göçmegine ýene rugsat berdi. Ýöne olar, adatça, "lagerler" ýa-da diskriminasiýa barada gürleşmek islemeýärler, howpsuzlygyndan gorkýarlar we Hytaýda galan garyndaşlarynyň yzarlanmagyny islemeýärler. Olaryň gorkulary dogrymy?

Adrian Zens: Ol gorky dogry. Meniň pikirimçe, gazaklardan bolan Gazagystandaky pidalaryň köpüsi diňe bir Hytaý hökümeti sebäpli däl, eýsem öz hökümeti tarapyndanam özlerini howpsuz duýmaýar. Olaryň käbiri, mysal üçin, köpler tarapyndan tanalýan Saýragül Saýytbaý Ýewropadan gaçybatalga tapmagy başardy. «Атажурт» guramasynyň başlygy ABŞ-da. Elbetde, olaryň öz ýurtlarynda özlerini arkaýyn duýmadygy belli, bu möhüm faktor bolup durýar. Gazagystanyň şeýle çäreleri Hytaýyň tabşyrygy bilen görýändigine men ynanýaryn.

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG