Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bilen Eýran özara düşünişmek boýunça dokuz memoranduma gol goýdy


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) özüniň eýranly kärdeşi Saýed Ebrahim Raisi. Tähran. 15-nji iýun, 2022 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) özüniň eýranly kärdeşi Saýed Ebrahim Raisi. Tähran. 15-nji iýun, 2022 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Eýrana amala aşyrýan iki günlük resmi saparynyň dowamynda, 15-nji iýunda prezident Saýed Ebrahim Raisi bilen gepleşikleri geçirdi.

Tähranda Saadabad köşkler toplumynda geçirilen resmi garşylamak dabarasyndan soň, ýurt baştutanlarynyň gysga formatdaky gepleşikleri geçirildi diýip, hökümetçi ýarym-resmi türkmen neşiri maglumat berýär.

Serdar Berdimuhamedow Tährana 14-nji iýunda giçlik, eýran prezidentiniň çakylygy boýunça geldi.

Bu onuň prezident hökmünde Tährana edýän ilkinji resmi saparydyr. Mundan ozal, ýanwar aýynda Berdimuhamedow Eýrana sapar eden türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, prezident Raisi bilen hem duşuşypdy.

15-nji iýunda iki prezidentiň hem gatnaşmagynda dürli pudaklardaky iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigi aýdylýan dokuz memoranduma gol goýuldy. Olaryň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki ugurlary boýunça özara düşünişmek baradaky dokumentler hem bar.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň barşynda Tähran-Aşgabat söwda merkezini döretmek boýunça ýol kartasyny düzjek işçi toparyny esaslandyrmak barada hem ylalaşylandygy bellenilýär.

Ýaş Berdimuhamedow ilkinji resmi saparlaryny iň köp halkara sanksiýa girizilen ýurtlara, Russiýa we Eýrana amala aşyrdy.

Bilermenleriň pikirine görä, esasan energiýa söwdasyndan girdeji gazanýan Türkmenistan ýurtda birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizisden dynmak üçin Moskwa we Tähran bilen aradaky gatnaşyklary ösdürmeli bolýar.

Galyberse-de, Demirgazyk Eýranda millionlarça etniki türkmen ýaşaýar. Türkmenistanyň täze prezidentiniň olaryň ýaşaýan sebitine baryp-barmajakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG